Habarlar
16131dde2a9d52.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow: nebitgaz pudagy Türkmenistanyň ykdysady garaşsyzlygyny berkitmekde esasy binýadymyz bolup durýar
03.09.21 - 13:33

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy binýady bolup durýar.


16130ee6571ae5.jpeg
Türkmenistanda ýokanç keselleriň ýaýramgynyň öňüni almak üçin edaralarda çeýe iş tertibini girizmek maslahat berilýär
02.09.21 - 20:31

Dünýädäki häzirki epidemiologiki ýagdaý bilen baglanyşykly möwsümleýin wirus ýokançlygynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdna goramak ministrligi ýurduň ähli guramalaryna, eýeçilik görnüşine garamazdan ähli edaralaryna wagtlaýynça işgärleriň çeýe iş wagty geçmegi maslahat berýär.


16130e33843314.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi
02.09.21 - 19:44

1-nji sentýabrda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi.


16130de59a3ed0.jpeg
Türkmenistan Owganystana zyýansyzlandyryş erginlerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde berer
02.09.21 - 19:23

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, Türkmenistan tarapyndan Owganystana lukmançylyk kömegini bermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine degişli zyýansyzlandyryş erginlerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.


1612f91b93ae44.jpeg
Ýuriý Şkuriniň taryhy surat kyssasy
01.09.21 - 19:44

«Türkmenistan» gazetiniň aksakgaly, fotohabarçy Ýuriý Iwanowiç Şkurin şunuň ýaly berk düzgün-nyzamda laýyk 44 ýyl işledi. Biz öz işiniň ussady Ýuriý Şkurin bilen her gün diýen ýaly duşuşýardyk, sebäbi ol, bagtymyza, biziň hem «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetimiziň fotohabarçysydy. Ýuriý Iwanowiçiň mylakatly, hoşgylaw häsiýetlidigi üçin ol hakda ähli zady diýen ýaly bilýärdik.


1612f8db253d70.jpeg
«Türkmengaz» DK we «Haldor Topsoe» tebigy gazdan ammiak we metanol önümçiligini ýola goýmaga taýýarlanýar
01.09.21 - 19:26

«Türkmengaz» döwlet konserni Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy bilen Türkmenistanda tebigy gazy gaýtadan işläp, ammiak we metanol önümçiligi boýunça kiçi göwrümli gazhimiýa zawodyny gurmak boýunça gepleşikler geçirýär.


1612f47bed6094.jpeg
Hormatly Prezidentimiz dabaraly harby ýörişi geçirmegiň meýilnamasyny makullady
01.09.21 - 14:21

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow goranmak ministri B.Gündogdyýew bilen iş maslahatyny geçirdi.


1612ef10a1060b.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlary we bilim işgärlerini Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlady
01.09.21 - 08:18

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban talyplar, eziz okuwçylar! Sizi Garaşsyz Watanymyzda giňden bellenilýän, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


1612e139e947d7.jpeg
Türkmenistan dünýä metbugatynyň üns merkezinde
31.08.21 - 16:33

Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerinde we dünýä metbugatynda aýratyn gyzyklanma döredýär. Hytaýly hyzmatdaşlaryň «Galkynyş» gaz käninde täze guýulary gurmaga girişendigi baradaky habar munuň şeýledigini nobatdaky gezek tassyklady.


1612df2e06d0f0.jpeg
TOPH gaz geçirijisi tutuş sebite bähbit getirer, şol sanda üstaşyr geçirim üçin Owganystana 1 mlrd dollar getirer — Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçysy
31.08.21 - 14:14

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy tutuş sebite peýda getirer we bu taslama tamamlanandan soň Owganystanyň gaznasyna diňe üstaşyr töleglerden 1 milliard ABŞ dollar geler, bu barada Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi penşenbe güni aýtdy diýip, Pakistan neşiri Daily Times belleýär.


1612d192cd1440.jpeg
Türkmen-owgan serhedinde gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň bökdençsiz işi üpjün edilýär - DIM
30.08.21 - 22:45

Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


1612ca60aa9989.jpeg
Türkmenistan Owganystanyň sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmegini dowam edýär — DIM
30.08.21 - 14:34

Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.


1612c9813b958d.jpeg
Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görülýär
30.08.21 - 13:34

1-nji sentýabrda Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guraljak baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görülýär. Täze 2021-2022-nji okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde baýramçylyk çäreleri guralar.


1612c9466a4689.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
30.08.21 - 13:18

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.


1612b6dbba2d98.jpeg
TNGIZT-de ýedi aýda 41,6 müň tonna polipropilen öndürildi
29.08.21 - 16:21

Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşarky bazarlarda hem uly islegden peýdalanýan polipropileniň önümçiligini yzygiderli artdyrýar.