Habarlar
1613c47717e0c5.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen gutlady
11.09.21 - 11:06

Sizi Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


1613b2e0d719ac.jpeg
Soňky ýyllarda Türkmenistan 15 mlrd dollardan gowrak daşary ýurt maýasyny çekdi
10.09.21 - 15:06

Soňky ýyllarda daşary ýurtly guramalar bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň ykdysadyýetine 15 mlrd amerikan dollary möçberinde daşary ýurt maýalary çekildi. Bu barada Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow türkmen metbugatyna beren interwýusynda belledi.


1613b265f168c4.jpeg
Geofizikleriň gazanýan üstünlikleri — innowasiýalary ornaşdyrmagyň netijesi
10.09.21 - 14:33

Şu ýylyň ýedi aýynyň jemi boýunça «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirligi boýunça ýerine ýetirilen işlerden 44 mln manat özleşdirildi. Bu görkeziji bellenilen döwür üçin göz öňünde tutulan görkezijiden 5,3 mln manat ýokarydyr.


1613a4a8d1ea8f.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti "Ýaňlan, Diýarym" telebäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglady
09.09.21 - 22:55

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler.


161396cc028c5a.jpeg
Türkmenistan-BMG: energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk
09.09.21 - 07:09

Ýakyn wagtda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 76-njy mejlisi açylar, omuň gün tertibi halkara gatnaşyklarynyň ähli ugurlaryna diýen ýaly degişli meseleleri gurşap alýar.


161381e8905bac.jpeg
Bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýär
08.09.21 - 07:23

6 sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň ýakynda geçiriljek nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


16137614d081fc.jpeg
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek we oba hojalyk işlerini geçirmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy
07.09.21 - 17:55

6 sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.


161372fbbeabb5.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
07.09.21 - 14:24

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonarua hem-de onuň üsti bilen ýurduň ähli dostlukly halkyna Braziliýanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


161370266674b4.jpeg
«Bagtyýarlyk» gaz käninde täze taslama badalga berildi
07.09.21 - 11:10

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň günbatar böleginiň gaz ýataklarynda ýerüsti desgalaryň gurluşygyna girişildi, bu ýataklary Önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) «Amyderýa» gaz kompaniýasy işläp taýýarlaýar.


16136532922b45.jpeg
Hormatly Prezidentimiz welosipedli gezelenji amala aşyrdy hem-de ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy
06.09.21 - 22:43

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty däbe eýerip, beden maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de dynç güni ir bilen Köpetdagyň eteklerinde welosipedli gezelenç etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.


161364e73afaac.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
06.09.21 - 22:22

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.


1613649dee24b9.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglady
06.09.21 - 22:03

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginde özleriniň zehinlerini görkezip, tapawutlanan aýdymçy çagalary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


1613d5ccb89aed.jpeg
Türkmenistan tebigy gazyň gazylyp alnyşyny we eksportyny artdyrdy
12.09.21 - 06:50

Şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda tebigy gazyň gazylyp alnyşy 55 milliard kubmetrden geçdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 10,4 milliard kubmetr köpdür.


16135dc534f278.jpeg
Ýurdumyzda maglumat geçiriş multiserwis tory kämilleşdirilýär
06.09.21 - 14:16

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


16135004ed1890.jpeg
Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda Hökümet münberi açylar
05.09.21 - 22:37

16-njy sentýabrda, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, paýtagtymyzda Köpetdag şaýolunyň ugruny bezejek Hökümet münberiniň açylmagy göz öňünde tutulýar. Bu gurluşygy “Bouygues Batiment Internasional” fransuz kompaniýasy alyp barýar.