Habarlar
164ccba272d0a7.jpeg
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda sammitde hyzmatdaşlygyň iletu tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar
04.08.23 - 13:43

Şu gün, 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär diýip, TDH habar berýär.


164cbe8d497e3d.jpeg
Türkmenistan we Russiýa Hytaýa gaz ibermekde ulgamynda bäsdeşler däldir — RF-niň ilçisi
03.08.23 - 22:50

Russiýa we Türkmenistan Hytaýa gaz ibermek ulgamynda bäsdeşler däldir. Bu barada RF-niň Aşgabatdaky ilçisi Iwan Wolynkin TASS agentligine beren interwýusynda aýtdy.


164ca4c16797ca.jpeg
Türkmenistan bilen Hytaýyň haryt dolanyşygy birinji ýarym ýylda 12,3% artdy
02.08.23 - 17:29

2023-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 12,3% artdy. Ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwdanyň umumy möçberi $5,55 mlrd deň boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.


164c939b2f0159.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
01.08.23 - 21:58

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Bajaur etrabynyň Kar şäherinde bolup geçen partlamanyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.


164c92f1d6d9d9.jpeg
Şadurdy Meredow Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi wezipesine bellenildi
01.08.23 - 21:13

Şadurdy Meredow Türkmenistanyň Özbegistandaky Ilçisi wezipesine bellenildi.


164c9171dc3ac6.jpeg
23-28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler
01.08.23 - 19:30

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara kuraş assosiasiýasy bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.


164c8d372546bd.jpeg
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi energetika ulgamynda Aşgabadyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady
01.08.23 - 14:42

Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşygynda Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.


164c8cd80e862c.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
01.08.23 - 14:16

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


164c7d0a5e1cec.jpeg
1-nji awgustdan ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde mekdep harytlarynyň söwdasy guralar
31.07.23 - 20:17

Şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabryna çenli ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde mekdep harytlarynyň söwdasy guralar.


164c7b38e2b1de.jpeg
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
31.07.23 - 18:13

Şenbe güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.


164c7b1d1ae969.jpeg
«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär
31.07.23 - 18:06

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


164c7316409408.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
30.07.23 - 11:48

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI-a ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


164c72e88ce96e.jpeg
Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurular
30.07.23 - 10:49

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.


164c6bbe84ce8b.jpeg
Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähi gurlar
29.07.23 - 11:26

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Nowa hyzmat” hususy kärhanasy bilen şertnamany, seýilgäh üçin elektrik, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.


164c6a9e04354d.jpeg
Daşoguz welaýatynyň Türkmen-Özbek serhetýaka zolagynda söwda merkezi gurlar
28.07.23 - 13:18

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada öz garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we suw üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.