«Lebapgazçykaryş» müdirligi ýyllyk meýilnamasyny 11 aýda ýerine ýetirdi
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri ýyllyk meýilnamalaýyn borçnamalaryny bellenilen möhletinden bir aýdan gowrak öň ýerine ýetirdiler.
Geçen ýylda müdirlik boýunça 9 milliard 875 million 120 müň kub metr tebigy gazy çykarmak meýilleşdirildi. Geçen ýylyň on bir aýynyň önümçilik görkezijileri 9 milliard 964,6 million kub metre deň boldy.
Mundan başga-da, geçen döwürde 36 müň tonnadan gowrak gaz kondensaty çykaryldy we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna iberildi. Häzirki wagtda on bir aýyň meýilnamasy 103 göterim ýerine ýetirildi.
Gazanylýan netijelerde Malaý gaz käninde zähmet çekýän gazçylara aýratyn orun degişli. Bellenilen döwürde olar 5,9 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz çykardylar. Bu görkeziji gaz kompressor bekediniň işe girizilmegi we onuň kuwwatlyklarynyň netijeli peýdalanylmagy mynasybetli mümkin boldy. Alynýan çig malyň düýpli bölegi Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi boýunda HHR-e iberilýär.
Zähmet önümçiligi üçin zerur şertleriň döredilmegi we işgärleriň abadan durmuşda ýaşamagy ugrundaky meseleler müdirligiň ileri tutýan meseleleriniň hatarynda durýar. Netijede, Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen müdirligiň enjamlary abatlamak boýunça ussasy Nyýazmyrat Amansahedow, Malaý-Çartak sehiniň desgalarynyň tehnologik operatory Hudaýberen Allamyradow «Watana bolan söýgüsi üçin» medal bilen sylaglandy. Müdirlikde şular ýaly döwlet sylaglaryna mynasyp bolan işgärler köp.
Gaz känlerinde işler üznüksiz alnyp barylýar. Netijede her günde ortaça 30,5 million kub metrden gowrak «mawy ýangyç» iberilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.