Habarlar

ÝURDUMYZDA TÄZE ÝYLDA ILKINJI BÄBEJIK ARKADAG ŞÄHERINDE DÜNÝÄ INDI

https://ussatnews.com/storage/posts/6524/original-16597f3c44faf6.jpeg

2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlykly wakalara beslenen ilkinji pursatlarynda ýurdumyzda täze ýyldaky ilkinji bäbek dünýä indi. Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä inen oglanjyga ata-enesi Arkadag diýip at goýdular.

Dünýä inen bäbegiň agramy 4 kilogram 230 grama, boýy 54 santimetre barabar boldy. Häzir lukmanlar tarapyndan bäbejigiň ýagdaýynyň kanagatlanarlydygy bellenildi.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazaragatnaşyk» müdirliginiň Önümçilik dispetçer gullugynyň dispetçeri bolup zähmet çekýän Sapardurdy hem-de Ogulabat Kakageldiýewleriň maşgalasynda dünýä inen bäbejige Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz ýadygärlik sowgatlaryny iberdiler. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň ýaşaýjylary Kakageldiýewleriň döwletli maşgalasynda dünýä inen bäbejik maşgalanyň üçünji perzendidir.

Lukmanlar gapyda sabyrsyzlyk bilen garaşýan Bibigözel enä guwançly habary buşladylar: «Buşluk, ogul agtygyňyz boldy!» Şatlykdan ýaňa ýüregi tolgunan ene begenç gözýaşlaryny sylyp durşuna:

— Agtyjagymyň adyna Arkadag goýjak — diýip, oglunyň ýüzüne bakdy. Ejesiniň saýlan ady oglunyň ýüregine jüňk boldy.

Bu bagtly pursatda üçünji ogul perzendi dünýä inderen Ogulabat Kakageldiýewanyň ýürek buýsanjyny diňlemek diýseň ýakymly boldy.

— «Çagaly öý — bazar» diýlişi ýaly, üçünji perzendim Arkadag oglumy gujagyma aldym. Watanymyzda toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelşi ýaly, Täze ýyly garşy alýan pursadymyz biziň maşgalamyz üçin goşa toýa öwrüldi. Gadam, Kakageldi hem-de Arkadag oguljyklarymyzy il-güne, Watana ak ýürekden hyzmat etjek adamlar edip ýetişdirmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň iberen ajaýyp sowgatlary üçin ene ýüregimden köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halkymyz üçin edýän beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Bu bagtly güne dogan-garyndaşlar, goňşy-golamlar hem sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Eýjejik çaga törüňe ýaraşyk, ýüregiňe kuwwat berip, köňül köşgüňi ganatlandyrýar. Goý, posalajyk bala maşgalasyna bagt guşy bolup dolsun!

Başga habarlar
16ae5c52651478.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.


16ae44f798e7c2.jpeg
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.


16ae430966182c.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.

16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.