Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar
05.05.23 - 17:242023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy. Onuň dowamynda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.
Hökümet mejlisinde 2023-nji ýylyň ýanwar-aprelinde nebitgaz toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
05.05.23 - 17:21Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
05.05.23 - 16:454-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Katarda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy
04.05.23 - 22:39Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji maýda Katar Döwletiniň Doha şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň howandarlygynda geçirilen Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy.
Sinopec kompaniýasy Aziýada iň çuň nebitgaz guýusyny burawlamaga girişdi
04.05.23 - 22:31Sinopec hytaý kompaniýasy HHR-iň demirgazyk-günbatarynda Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda Aziýada iň çuň nebitgaz guýusyny burawlamaga başlady diýip, Sinhua agentligi habar berýär.
Türkmenistan we ABŞ hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasyny» we dürli derejedäki özara saparlary guramak boýunça teklipleri işläp taýýarlar
03.05.23 - 19:36Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny”, gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin teklipleri, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda guraljak dürli derejedäki saparlaryň Çarçuwaly meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipleri makullady.
Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň mejlisinde geljek ýyl üçin meýilnamalar maslahatlaşyldy
03.05.23 - 16:37Samarkandda geçirilen «Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý» gaz geçirijisini ulanmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 28-nji mejlisinde häzirki işler we geljek ýyl üçin meýilnamalar bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy diýip, «Uzbekneftegaz» PJ-niň metbugat gullugy habar berýär.
Nebitgazçylar toparynyň ynamly ýeňşi
03.05.23 - 14:29Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige, ýaş türgenleri kämilleşdirmeklige, sagdyn durmuşy wagyz etmeklige uly üns berilýär. Şu maksatdan ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem sportuň dürli görnüşlerinde bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.
Täze ýatakdan tebigy gazyň akymy alyndy
03.05.23 - 02:25Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, täze guýulary burawlamak we gurmak bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny döwrebap enjamlardyr tehniki serişdeler bilen üpjün etmek üçin ähli şertleri döredip berýär.
OPEK+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit çykarylyşy meýletin günde 1,2 mln barrel azaldýarlar
02.05.23 - 14:18OPEK+ bileleşigine girýän ýurtlaryň birnäçesi 1-nji maýdan başlap hyzmatdaşlary bilen ylalaşyklarynyň çäklerinde öz borçnamalaryna goşmaça nebitiň çykarylyşyny meýletin azaldýar we bu çägi 2023-nji ýyla çenli saklap galar diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz Owganystanyň üsti bilen Pakistana iberilip başlandy
02.05.23 - 14:14«Ýasir Basir» halkara firmasy Türkmenistandan awtomobil ulagy arkaly suwuklandyrylan nebit gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana iberip başlady.
Dubaýda OGT-2023 Halkara forumy täze hyzmatdaşlary ýüze çykardy, hyzmatdaşlyk üçin täze serhetleri açdy
02.05.23 - 00:30Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-27-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen halkara forum dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini jemledi we nebitgaz pudagy üçin täze hyzmatdaşlary ýüze çykardy, bar bolan aragatnaşyklary giňeltmek üçin täze sepgitleri açdy. Bu barada göçme foruma gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmesinde aýdylýar.
«Türkmengaz» DK-nyň pudaklaýyn instituty kükürti zyýansyzlandyrmagyň oňyn usullaryny işläp taýýarladylar
01.05.23 - 23:42Türkmenistanyň känlerinde tebigy gazy çykarmak prosesinde galýan kükürdiň uly möçberlerini zyýansyzlandyrmak meselesiniň oňyn çözgütlerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri işläp düzdüler. Bu barada YBI-niň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow 26-27-nji aprelde Dubaýda geçirilen Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda eden çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi: emirlikleriň işewürliginiň türkmen bazarynda ornuny berkitmekde gyzyklanmasy artýar
29.04.23 - 20:36Soňky ýyllarda Türkmenistan gaz şahalary Hytaýa, Russiýa, Azerbaýjana, Gazagystana, Özbegistana we Eýrana uzaýan sebitde iri gaz merkezi hökmünde ornuny has hem berkitdi. Ýurdumyz gaz ugurlarynyň eksportynyň çäklerini giňeltmegiň üstünde işleýär. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-27-nji aprelde Dubaýda geçirilen halkara forumda eden çykyşynda belledi.
«Türkmennebit» DK daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistandaky iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy
28.04.23 - 10:08«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow Türkmenistanyň Dubaýda geçýän nebitgaz maýa goýum forumynda eden çykyşynda daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistandaky iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.