
Türkmenistanyň Prezidenti Katar bilen döwletara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda
24.03.23 - 10:38Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda döwletara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçililere seretmegiň zerurlygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Baştutany Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda belledi.

Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
23.03.23 - 19:0921-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ruhubelentlik bilen garşylandy.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
22.03.23 - 15:55Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň halk artisti Rejep Allaýarowyň saz eserlerinden düzülen ýatlama konserti geçirildi
21.03.23 - 13:21Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Türkmenistanyň halk artisti, «Gaýrat» medalynyň eýesi, saz-jemgyýet işgäri, kompozitor, professor, mugallym Rejep Allaýarowyň saz eserlerinden düzülen ýatlama konserti geçirildi.

Türkmenistanda ýazky bag ekmek möwsümine badalga berildi
18.03.23 - 15:23Şu gün eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Aşgabatda senagatçylaryň hem-de telekeçileriň sergisi we maslahaty geçirilýär
18.03.23 - 14:2417-nji martda paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Şeýle-de bu waka mynasybetli maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Bilim ministirligine noutbuk satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi
18.03.23 - 12:37Bilim ministirligine noutbuk satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Şerepli gaz ýatagynda ýene-de bir guýy önüm berdi
18.03.23 - 11:36«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan düzülen maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary häzir Mary welaýatynyň çägindäki Şerepli, Kelleli, Garabil gaz ýataklarynda guýularyň burawlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Burawlaýjylar täzelikde Şerepli gaz ýatagynyň 02 belgili ulanyş — baha beriş guýusyndan senagat taýdan ähmiýetli tebigy gaz akymyny aldylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr
17.03.23 - 22:22Türkmenistan türkmen gazyny Türkiýä ibermek baradaky meselä şu gün seretmäge taýýardyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşanda çykyşynda belledi diýip, TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
17.03.23 - 09:38Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.

Türkmen-tatarystan işewürlik maslahatynda senagatda, energetikada we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
16.03.23 - 23:26Aşgabatda geçirilen Türkmen-tatarystan işewürlik maslahatynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasynda senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti BSG girmek boýunça Ženewada gepleşikleri geçirdi
15.03.23 - 18:32Türkmenistanyň Döwlet Daşary Ykdysady Iş Bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG), Halkara söwda merkeziniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň we BAE-niň ýokary wezipeli wekilleri Dubaýda Halkara maýa goýum roud-şouwa gatnaşar
15.03.23 - 18:30Häzirki wagtda 26-27-nji aprelde Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şoua taýýarlyk işleri dowam edýär. Forumy guramaçylaryň habar bermegine görä, oňa gatnaşmak meýillerini eýýäm, Türkmenistanyň, şeýle hem BAE-niň Hökümetiniň ýokary wezipeli wekilleri tassykladylar.

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň kompaniýalary «ýaşyl» energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
15.03.23 - 18:24Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleri Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň hem-de Beýik Britaniýanyň ugurdaş kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda maslahatlaşyldy. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Instagram sahypasynda habar berýär.

Dubaýdaky roud-şou Türkmenistanda uglewodorodlary işläp taýýarlamakdan başlap, «ýaşyl» energetika çenli taslamalary hödürlär
15.03.23 - 17:222023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-niň Dubaý şäherindäki “Hyatt Regency” myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika ulgamyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou geçiriler. Roud-şounyň guramaçylaryň hatarynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.