Milli parlamente, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär
10.02.23 - 11:56Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkiýede betbagtçylyga uçranlaryň arasynda Türkmenistanyň raýatlary hem bar, döwletimiz olara goldaw bermäge taýýar
09.02.23 - 21:53Türkiýede bolup geçen elhenç ýer titreme şol wagt bu ýurtda bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hem başyna ýetdi. Bu barada Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkiýe Respublikasynyň ilçihanasyna baryp görmeginiň barşynda aýtdy.
Ýurdumyzda ýakyn wagtda Türkiýede tebigy heläkçilik zerarly şehit bolanlary hatyralap sadaka beriler
09.02.23 - 11:418-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna gelip, doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.
Türkiýe Respublikasynda bolup geçen ýertitreme mahalynda bu sebitde bolýan Türkmenistanyň raýatlaryna maglumat
09.02.23 - 10:23Türkiýe Respublikasynyň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme mahalynda bu sebitde bolýan Türkmenistanyň raýatlary kömek-maslahatlary we maglumatlary almak üçin, şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilerler.
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanda muzdsuz suwuklandyrylan gaz ibermek hakynda tabşyryk berdi
08.02.23 - 22:11Türkmenistan gyş möwsüminde ýangyç çig malynyň ýetmezçiligi zerarly kynçylyk çeken Özbegistana goldaw bermek üçin bu ýurda suwuklandyrylan gaz iberer.
Pekinde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
08.02.23 - 22:05Pekinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Sianyň Nebit uniwersitetiniň Halkara bilim kollejiniň we Ýüpek ýolunyň energetika kollejiniň direktory hanym Don Hao bilen duşuşdy. Bu barada Orient habar berýär.
Türkmenistan Türkiýä derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we dokma önümlerini iberdi
08.02.23 - 11:217-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.
Azerbaýjan Türkmenistan we Türkiýe bilen ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy tassyklady
07.02.23 - 22:44Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistan we Türkiýe bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygy tassyklady diýip, Trend agentligi ýazýar. Karara laýyklykda, Azerbaýjanyň Maliýe ministrligine 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitinde üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň makullan ylalaşygynyň düzgünlerini durmuşa geçirmeklik tabşyryldy.
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň wekilleri ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
07.02.23 - 22:30Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Daşary işler ministriniň konsullyk, mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli bilen geçiren duşuşygynda syýasy-ykdysady, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe we Siriýa Arap Respublikalaryň Prezidentilerine gynanç bildirdi
07.02.23 - 16:05Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada ýurtlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
07.02.23 - 15:51Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
06.02.23 - 21:46Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýanwarda Türkmenistanyň jemi içerki önümi 6,2% ösdi
06.02.23 - 21:39Ýanwar aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Bu barada wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti: ýanwarda 2 mlrd manatdan gowrak maýa goýum serişdeleri özleşdirildi
06.02.23 - 21:34Ýanwarda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistan boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, 9,1 göterim artykdyr diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Hökümet mejlisinde aýtdy.
«Türkmen halkynyň Milli Lideri — milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy»
04.02.23 - 21:25Şeýle at bilen Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» DK-nyň pudaklaýyn edara-kärhanalarynyň zähmet köpçüligi, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Dabarany Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow açdy.