Kawasaki kompaniýasy bilen Türkmenistanda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy boýunça gepleşikler geçirildi
22.12.22 - 23:11Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň Prezidenti Tatsuýa Watanabe bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we özara gatnaşyklaryň netijelligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy JBIC ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy
22.12.22 - 22:57Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýolbaşçysy (JBIC) Nobumitsu Haýaşiniň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
NEXI ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
22.12.22 - 22:48Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda bilen duşuşdy. Bu agentlik ýapon we türkmen taraplarynyň durmuşa geçirýän bilelikdäki ykdysady taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş öweziniň dolmagyny üpjün edýär diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.
Täze Arkadag şäheri Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi boldy
22.12.22 - 20:21Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda.
Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurlan edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlary dakyldy
22.12.22 - 08:15Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda.
«Rimera» kompaniýasy «Türkmennebit» DK üçin enjamlary satyn alar
21.12.22 - 16:49Russiýanyň nebithyzmat ulgamynda toplumlaýyn hyzmatlar bazarynda öňdebaryjy kompaniýasy bolan «Rimera» 2023-nji ýylda «Türkmengaz»döwlet konsernine «Ižneftemaş» kärhanasynyň öndüren 655 sany çuňluk üçin ştanga nasoslaryny satyn alar diýip, INFOLine habar berýär.
Ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan HHR-e 9,2 mlrd dollarlyk tebigy gaz iberdi
21.12.22 - 16:4511 aýda Türkmenistandan Hytaýa iberilen «mawy ýangyjyň» baha babatda görkezijisi 9,28 mlrd dollara barabar boldy diýip, sişenbe güni HHR-iň Baş gümrük gullugy habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
20.12.22 - 17:47Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
19.12.22 - 23:38Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
11 aýda «mawy ýangyjyň» çykarylyşy we eksporty düýpli artdy
19.12.22 - 16:27Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnama 113,6 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça meýilnama 124,7 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik işiniň netijeleri barada geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.
Seýdiniň NGIZ ýanwar-noýabr aýlarynda ýangyjyň önümçiligini artdyrdy
19.12.22 - 16:07Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň zähmetkeşleri 11 aýyň önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Geçen döwürde kärhanada 208 müň tonnadan gowrak benzin we 104 müň tonna dizel ýangyjy, şeýle hem 34 müň tonna töweregi wakuum gazoýly, 28 müň tonnadan gowrak ýol bitumy öndürildi.
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 11 aýda 6,2% boldy
19.12.22 - 15:15On bir aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejesinde durnukly saklanylýar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi. Onuň barşynda 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine garaldy.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda on bir aýyň jemlerine garaldy
17.12.22 - 18:27Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Täze ýylyň öňüsyrasynda “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
17.12.22 - 14:0516-njy dekabrda paýtagtymyzda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde her ýylda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda guraýan “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
TNGIZT-de haýalladylan kokslaşdyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy desgasynyň gurluşygy tamamlanýar
16.12.22 - 23:52Türkmenbaşynyň nebiti gaýtada işleýän zawodlar toplumynda haýalladylan kokslaşdyrma desgasynyň (HKD) we gudronyň deasfaltizasiýasy desgasynyň (GDAD) tamamlanyp barýar. Häzirki zaman desgalar TNGIZT-niň sargydy boýunça ABŞ-nyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy tarapyndan gurulýar.