
Türkmenistanda täze ýylyň birinji aýynda medeni çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriler
26.12.22 - 13:092023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaralar geçiriler. 1 — 10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Täze ýyl mynasybetli çagalaryň baýramçylyk dabarasyny, şeýle-de Baş arçanyň ýanynda baýramçylyk çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň nobatdaky sany neşir edildi
24.12.22 - 10:51Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynda iýul — sentýabr aýlaryndaky döwletimiziň daşary syýasy durmuşynyň möhüm ähmiýetli wakalary beýan edilýär.

Tokioda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda resminamalar toplumyna gol çekildi
23.12.22 - 16:32Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky geçirilen 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet konsernleri bilen himiýa-gaz senagaty, ulag, suw hojalygy ýaly ugurlar boýunça ýapon kompaniýalarynyň arasynda resminalaryň toplumyna gol çekildi.

Birža söwdalarynda ECO-93 benzini we suwuklandyrylan gaz aýratyn islegden peýdalandy
23.12.22 - 16:30Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 21-nji dekabrda, çarşenbe güni jemi bahasy 15,7 mln dollarlyk 19 sany geleşik baglaşyldy diýip, Orient news habar berýär.

Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi şäher derejesini aldy we Arkadag diýlip atlandyryldy
22.12.22 - 23:19Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi şäher derejesini aldy we Arkadag diýlip atlandyrylar. Degişli karary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi kabul etdi.

Kawasaki kompaniýasy bilen Türkmenistanda gazdan benzin öndürýän ikinji zawodyň gurluşygy boýunça gepleşikler geçirildi
22.12.22 - 23:11Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň Prezidenti Tatsuýa Watanabe bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we özara gatnaşyklaryň netijelligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy JBIC ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy
22.12.22 - 22:57Tokio şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň ýolbaşçysy (JBIC) Nobumitsu Haýaşiniň duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

NEXI ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
22.12.22 - 22:48Çarşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetiriji direktory Atsuo Kuroda bilen duşuşdy. Bu agentlik ýapon we türkmen taraplarynyň durmuşa geçirýän bilelikdäki ykdysady taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin ätiýaçlandyryş öweziniň dolmagyny üpjün edýär diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.

Täze Arkadag şäheri Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi boldy
22.12.22 - 20:21Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda.

Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde gurlan edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlary dakyldy
22.12.22 - 08:15Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda.

«Rimera» kompaniýasy «Türkmennebit» DK üçin enjamlary satyn alar
21.12.22 - 16:49Russiýanyň nebithyzmat ulgamynda toplumlaýyn hyzmatlar bazarynda öňdebaryjy kompaniýasy bolan «Rimera» 2023-nji ýylda «Türkmengaz»döwlet konsernine «Ižneftemaş» kärhanasynyň öndüren 655 sany çuňluk üçin ştanga nasoslaryny satyn alar diýip, INFOLine habar berýär.

Ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan HHR-e 9,2 mlrd dollarlyk tebigy gaz iberdi
21.12.22 - 16:4511 aýda Türkmenistandan Hytaýa iberilen «mawy ýangyjyň» baha babatda görkezijisi 9,28 mlrd dollara barabar boldy diýip, sişenbe güni HHR-iň Baş gümrük gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
20.12.22 - 17:47Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
19.12.22 - 23:38Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

11 aýda «mawy ýangyjyň» çykarylyşy we eksporty düýpli artdy
19.12.22 - 16:27Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda tebigy we ugurdaş gazy çykarmak boýunça meýilnama 113,6 göterim, «mawy ýangyjy» eksport etmek boýunça meýilnama 124,7 göterim ýerine ýetirildi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň önümçilik işiniň netijeleri barada geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde habar berildi.