Awtoulaglaryň sürüjilerine hyzmaty ýokary medeniýetli guramak «Türkmennebitönümleriniň» esasy wezipeleriniň biri
16.01.23 - 12:20«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhananyň agzybir zähmet adamlary Murgap etrabynyň dolandyryş merkezi bilen ýanaşyk ýerde, etrabyň köp ilatly obalaryna barýan ýoluň ugrundaky durky düýpli täzelenilen 186-njy awtoulaglara ýangyç guýujy bekediň täze binasyny gurup ulanmaga berdiler.
2022-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Hytaý» gaz geçirijisi boýunça 43,2 mlrd kub metr gaz iberildi
14.01.23 - 11:45Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi boýunça 2022-nji ýylda Hytaýa 43,2 milliard kub metr tebigy gaz iberildi. Bu barada Xinhua habarlar agentligi PipeChina West Pipeline Company hytaý kompaniýasynyň täzelenen maglumatlaryna esaslanyp habar berýär.
«Milli önüm» kärhanasy 2022-nji ýylda 129 tonna polipropilen sapagyny eksport etdi
14.01.23 - 11:41«Milli önüm» hususy kärhanasy geçen 2022-nji ýylda 129 tonna polipropilen sapagyny eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdeleri habar berýär.
TNGIZT-de nebiti çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek boýunça täze desga gurmak meýilleşdirilýär
14.01.23 - 09:46Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda nebitiň gaýtadan işleniş çuňlugyny 90%-den ýokary geçirmäge ukyply täze tehnologik desgalary gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyndaky çykyşy
12.01.23 - 12:16Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyndaky çykyşy.
Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler
12.01.23 - 10:50Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriler.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Karary
12.01.23 - 10:01Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly konstitusion topary döredildi
12.01.23 - 09:17Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda.
Aşgabatda 19-20-nji ýanwarda Türkmen-russiýa işewürler forumy geçiriler
11.01.23 - 19:4519-20-nji ýanwarda Aşgabatda türkmen-russiýa işewürler forumy geçiriler, onuň barşynda işewürler geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň wekilleri ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
10.01.23 - 16:11Duşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mahdi Safari bilen duşuşygynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we ulag-üstaşyr mümkinçilikleri artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berýär.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
10.01.23 - 14:32Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Serdar Berdimuhamedow: Biz Türkmenistandan Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini artdyrmak meseleleriniň üstünde işleýäris
09.01.23 - 15:43Türkmenistan we Hytaý gaz ibermeleriniň möçberini artdyrmagyň üstünde işleýärler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Pekinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynda belledi diýip, TDH habar berýär.
«Türkmenistan – Hytaý» gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 350 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi
09.01.23 - 14:28Ulanylyp başlanyndan häzirki wagta çenli Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa döwlet saparynyň öňüsyrasynda «Ženmin Žibao» gazetine taýýarlan makalasynda aýdylýar. Makala geçen anna güni «Нейтральный Туркменистан» gazetinde hem çap edildi.
“Röwşen” hususy kärhanasy Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzeler
09.01.23 - 08:10Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 23-nji iýulynda çykaran 195-nji Kararyna laýyklykda, Daşoguz atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek hem-de toplumda abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada “Röwşen” hususy kärhanasy bilen goşmaça ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berildi.
Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-iň Başlygynyň gepleşikleri geçirilýär
06.01.23 - 17:05Anna güni Pekinde Hytaý Halk Respblikasyna (HHR) döwlet saparyny amala aşyrýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň arasynda gepleşikler başlandy diýip, TDH habar berýär.