
TNGIZT-niň nebit önümlerini eksport we marketing müdirligi işini bes etdi
13.10.22 - 16:12«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit önümlerini eksport we marketing müdirligi işini bes etdi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň sahypalarynda habar berildi.

Türkiýe Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ýewropa üstaşyr geçirilmegini üpjün etmäge taýýar
13.10.22 - 16:04Berlinde geçirilýän IV Türk-german energetika forumynyň dowamynda Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Türkiýäniň türkmen tebigy gazyny ýewropa bazarlaryna üstaşyr geçirmäge taýýardygyny we munuň üçin mümkin bolan ähli zatlary etjekdigini beýan etdi. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.

15-nji «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
13.10.22 - 15:48Çarşenbe güni Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçirilen wideoaragatnaşyk görnüşindäki duşuşykda 15-nji «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumyna (MA-KR) taýýarlyk görmek meseleleri maslahatlaşyldy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» sergisi: innowasiýalar we hyzmatdaşlyk
13.10.22 - 11:5726-njy oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» diňe bir XXVII Halkara maslahaty däl, eýsem, üç günlük adybir Halkara sergisi hem geçiriler diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.

Paýtagtymyzda “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi geçirilýär
12.10.22 - 12:4711-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy. Paýtagtymyzyň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guran çäresi Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde geçirilýär.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
12.10.22 - 11:02Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de toplumy ösdürmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň dokuz aýda ösüşiniň netijeleri jemlendi
12.10.22 - 10:55Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen duşenbe güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanda ýanwar-sentýabrda jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 % ýokarlandy
12.10.22 - 10:482022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,2 göterim artdy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumyna we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergä gatnaşyjylary gutlady
11.10.22 - 10:29Türkmenistanyň Prezidenti «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumyna we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergä gatnaşyjylary gutlady.

Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
11.10.22 - 10:13Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Muhammed Meshel Al-Otaibi bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara boljak sapary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň geologiýa kolleksiýasynyň üsti täze eksponat bilen dolduryldy
11.10.22 - 10:08Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine Köýtendag daglarynda geologiýa işleriniň barşynda ýüze çykarylan, ýura döwrüne degişli taryhy korallaryň toplanan daşyny berdiler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy habar berýär.

TNGIZT korporatiw awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär
11.10.22 - 10:04Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy kärhananyň işine sanly tehnologiýalaryň binýadynda korporatiw awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady
10.10.22 - 11:27Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerini gutlady.

Serdar Berdimuhamedow halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylary forumyň işine başlamagy bilen gutlady
10.10.22 - 11:18«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara.

Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy
08.10.22 - 20:197-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen resmi däl sammitine gatnaşdy.