
OGT—2022 Halkara maslahaty: maýa goýumlar, tehnologiýalar, ýangyç-energetika toplumy üçin hünärmenler
29.10.22 - 11:22Penşenbe güni «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahaty Söwda-senagat edarasynda öz işini dowam etdi. Döwlet düzümleriniň, milli we halkara kompaniýalarynyň, ylmy merkezleriniň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, halkara guramalarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, bilermenler we hünärmenler nebitgaz senagatyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlanan plenar mejlislere we sessiýalara işjeň gatnaşýarlar.

OGT-2022 forumynyň çäklerinde önümi ibermek boýunça täze şertnamalara gol çekildi
27.10.22 - 11:43Şu günlerde Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» Halkara forumynyň çäklerinde penşenbe güni türkmen hem-de halkara hyzmatdaşlary bilen şertnamalara gol çekildi.

Türkmenistan bilen gaz aragatnaşyklaryny ýola goýmak — ÝB-niň strategiki ymtylyşlarynyň merkezinde
27.10.22 - 11:37Türkmenistan bilen gaz aragatnaşyklaryny ýola goýmak — ÝB-niň Merkezi Aziýanyň nebitgaz serişdeleri babatda strategiki ymtylyşlarynyň merkezinde bolmagynda galýar. Bu barada Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani «Türkmenistanyň nebiti we gaz» 27-nji Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.

Türkmenistandan Hytaýa 340 mlrd kub metrden gowrak gaz eksport edildi — CNPC-niň prezidenti
27.10.22 - 11:29Türkmenistandan Hytaýa 2009-njy ýyldan bäri 340 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmeklige we ykdysady ösüşe netijeli täsir etdi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Sizsýun şu günlerde Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» Halkara nebitgaz maslahatynda eden onlaýn çykyşynda belledi.

Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara maslahaty öz işine başlady
26.10.22 - 15:20Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Türkmen paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara sergisi açyldy
26.10.22 - 11:21Şu gün irden Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.10.22 - 08:19«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara.

OGT-2022-niň gün tertibiniň esasy mowzuklary – netijelilik, innowasiýalar, ekologiýa
25.10.22 - 16:06Maslahatyň dowamynda diňe bir öndürilýän nebitiň we gazyň paýlanyşyny diwersifikasiýa etmäge däl-de, eýsem nebit-gaz pudagynda innowasiýa önümçilik usullaryny ulanmaga gönükdirilen Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Hyundai Engineering OGT-2022-niň kümüş hyzmatdaşy
25.10.22 - 15:54Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering kompaniýasy 26-28-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek "Türkmenistanyň nebiti we gazy" Halkara maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.

8 aýda Azerbaýjan Türkmenistandan 42 müň tonnadan gowrak benzin import etdi
25.10.22 - 15:502022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan Türkmenistandan AI-92 kysymly benziniň 42 müň 831,33 tonnasyny import etdi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan agentligi Azerbaýjanyň Hökümetine salgylanyp habar berýär.

Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi
25.10.22 - 08:3024-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

«OGT-2022» halkara forumy nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer
24.10.22 - 17:0226 — 28-nji oktýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahatyny we sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görülýär, olar «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda hem-de GaffneyCline britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde guralýar.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy “Sungat we çeperçilik bilimi” atly Halkara ylmy maslahatyna gatnaşdy
24.10.22 - 15:552022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Ylym we Ýokary bilim Ministrliginiň “Kazan Federal uniwersitetiniň” “Filologiýa we medeniýetleriň aragatnaşyklary institutynyň” gurnamagynda “Sungat we çeperçilik medeniýetleriň aragatnaşyk kontekstinde” atly XI Halkara ylmy-praktiki konferensiýasy internet ulgamy arkaly onlaýn görnüşinde geçirildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
24.10.22 - 13:36Düzüminde döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriň agzalary bolan türkmen wekiliýeti Tbiliside Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani bilen duşuşdy diýip, Orient agentligi gruzin habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
24.10.22 - 09:27Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.