Habarlar
1635b5c6fdbcc9.jpeg
Türkmenistan bilen gaz aragatnaşyklaryny ýola goýmak — ÝB-niň strategiki ymtylyşlarynyň merkezinde
27.10.22 - 06:37

Türkmenistan bilen gaz aragatnaşyklaryny ýola goýmak — ÝB-niň Merkezi Aziýanyň nebitgaz serişdeleri babatda strategiki ymtylyşlarynyň merkezinde bolmagynda galýar. Bu barada Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani «Türkmenistanyň nebiti we gaz» 27-nji Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.


1635b5abeb3cc1.jpeg
Türkmenistandan Hytaýa 340 mlrd kub metrden gowrak gaz eksport edildi — CNPC-niň prezidenti
27.10.22 - 06:29

Türkmenistandan Hytaýa 2009-njy ýyldan bäri 340 mlrd kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Munuň özi iki ýurduň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmeklige we ykdysady ösüşe netijeli täsir etdi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Sizsýun şu günlerde Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2022» Halkara nebitgaz maslahatynda eden onlaýn çykyşynda belledi.


1635a24e0b8223.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara maslahaty öz işine başlady
26.10.22 - 10:20

Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «GaffneyCline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.


1635a11c61ff72.jpeg
Türkmen paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» Halkara sergisi açyldy
26.10.22 - 06:21

Şu gün irden Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.


16359f8bc77c95.jpeg
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
26.10.22 - 03:19

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara.


16357c32c7741a.jpeg
OGT-2022-niň gün tertibiniň esasy mowzuklary – netijelilik, innowasiýalar, ekologiýa
25.10.22 - 11:06

Maslahatyň dowamynda diňe bir öndürilýän nebitiň we gazyň paýlanyşyny diwersifikasiýa etmäge däl-de, eýsem nebit-gaz pudagynda innowasiýa önümçilik usullaryny ulanmaga gönükdirilen Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.


16357c080a79de.jpeg
Hyundai Engineering OGT-2022-niň kümüş hyzmatdaşy
25.10.22 - 10:54

Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering kompaniýasy 26-28-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek "Türkmenistanyň nebiti we gazy" Halkara maslahatynyň kümüş hyzmatdaşy bolup çykyş edýär.


16357bf93c9b10.jpeg
8 aýda Azerbaýjan Türkmenistandan 42 müň tonnadan gowrak benzin import etdi
25.10.22 - 10:50

2022-nji ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Azerbaýjan Türkmenistandan AI-92 kysymly benziniň 42 müň 831,33 tonnasyny import etdi. Bu barada Interfaks-Azerbaýjan agentligi Azerbaýjanyň Hökümetine salgylanyp habar berýär.


16358a9da953ab.jpeg
Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde bilelikdäki harby-meýdan türgenleşigi geçirildi
25.10.22 - 03:30

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän deňiz okuw-türgenleşik merkezinde geçirilen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň bilelikdäki harby okuw-meýdan türgenleşiginiň barşyny synlady, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


163567ec1600eb.jpeg
«OGT-2022» halkara forumy nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer
24.10.22 - 12:02

26 — 28-nji oktýabrda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022” atly XXVII halkara maslahatyny we sergini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görülýär, olar «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda hem-de GaffneyCline britan kompaniýasynyň ýardam bermeginde guralýar.


16356e215cd1b6.jpeg
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy “Sungat we çeperçilik bilimi” atly Halkara ylmy maslahatyna gatnaşdy
24.10.22 - 10:55

2022-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Ylym we Ýokary bilim Ministrliginiň “Kazan Federal uniwersitetiniň” “Filologiýa we medeniýetleriň aragatnaşyklary institutynyň” gurnamagynda “Sungat we çeperçilik medeniýetleriň aragatnaşyk kontekstinde” atly XI Halkara ylmy-praktiki konferensiýasy internet ulgamy arkaly onlaýn görnüşinde geçirildi.


163568854990e8.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
24.10.22 - 08:36

Düzüminde döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriň agzalary bolan türkmen wekiliýeti Tbiliside Gruziýanyň nebitgaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani bilen duşuşdy diýip, Orient agentligi gruzin habar beriş serişdelerine salgylanyp habar berýär.


1635684d6bc7fe.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
24.10.22 - 04:27

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


16353adc0dc9fa.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyny we orunbasarlaryny wezipe belledi
22.10.22 - 08:45

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygyny we orunbasarlaryny wezipe belledi.


16353a4e4d7cf6.jpeg
Aşgabatda «Daşkent» dynç alyş seýilgähi açyldy
22.10.22 - 08:08

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Aşgabatda gurlan «Daşkent» dynç alyş seýilgähiň açylyş dabarasy gatnaşdylar. Bu täze seýilgäh mizemez türkmen-özbek dostlugynyň ýene bir aýdyň nyşanyna öwrüldi.