Habarlar
1619695bd14e49.jpeg
«Türkmengaz» döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
18.11.21 - 23:04

«Türkmengaz» döwlet konsernine maddy-tehniki enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


161964ff3ca667.jpeg
TNGIZT importyň ornuny tutýan önümleriniň önümçiligini giňeldýär
18.11.21 - 18:06

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän, importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşleriniň giňeldilýändigi barada wise-premýer Şahym Abdrahmanow sişenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.


161960a2591a0f.jpeg
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde täze dokma toplumy açyldy
18.11.21 - 13:09

17-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


16194981b894f4.jpeg
«Eziz doganlar» HJ Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyny gurar
17.11.21 - 10:50

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýylda 3 300 000 inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 000 sany sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Eziz doganlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany daşarky eltiji demir we awtomobil ýollaryny, elektrik, aragatnaşyk, gaz we suw üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.


16193fd526be16.jpeg
YHG agza döwletleriň işewürler forumy 26-njy noýabrda Aşgabatda geçiriler
16.11.21 - 23:49

Aşgabatda 26-njy noýabrda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň işewürler forumy geçiriler diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýty habar berýär.


161939df09ff25.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
16.11.21 - 17:02

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.


16192a710625d1.jpeg
Uzynada: nobatdaky guýudan uglewodorod çig malynyň senagat akymy alyndy
15.11.21 - 23:29

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşen Uzynada käninde nobatdaky gözleg-barlag guýusyny burawlamak işlerinniň barşynda çig malyň senagat akymy alyndy. Bu işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri üstünlikli ýerine ýetirdiler.


16192989157c1a.jpeg
Türkmenistan 10 aýda Gruziýa 54,9 müň tonna awiasion ýangyç eksport etdi
15.11.21 - 22:27

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Gruziýa awiasion ýangyjynyň 54,9 müň tonnasyny eksport etdi diýip, Gruziýanyň Nebit önümlerini import edijileriniň birleşmesi habar berýär. Şu ýylyň on aýynda Gruziýa 73,5 müň tonna uçar ýangyjyny import etdi.


16191cddb73561.jpeg
Ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy
15.11.21 - 08:02

13-nji noýabrda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy.


161900a0e63ffb.jpeg
Ýurdumyzyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
13.11.21 - 23:53

11-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.


1618fe6a88a86b.jpeg
Türkmenistan 9 aýda Özbegistana 127 mln litr awtomobil benzinini eksport etdi
13.11.21 - 21:24

Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistana 126,8 million litr benzin eksport etdi. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti duşenbe güni habar berdi. Umuman, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Özbegistan 289 million litrden gowrak benzin import etdi. Bu ýangyçlaryň umumy bahasy 104 million ABŞ dollaryna barabar boldy.


1618fd7698982a.jpeg
Türkmenistan Awstriýanyň kompaniýalaryna gazhimiýa ulgamyndaky taslamalara gatnaşmagy teklip edýär
13.11.21 - 20:19

Türkmenistan tebigy gazy has çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek üçin täze kuwwatlyklary gurmak boýunça tasllamalary durmuşa geçirmeklige we maliýeleşdirmeklige Awstriýanyň kompaniýalaryny çekmeklige gyzyklanma bildirýär.


1618e2680279fe.jpeg
Aşgabatda pudaklaýyn halkara onlaýn maslahat geçirilýär
12.11.21 - 13:32

Paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işiniň birinji gününi tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.


1618d2844c4a6c.jpeg
«Türkmenaragatnaşyk» agentligine «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berildi
11.11.21 - 19:27

«Türkmenaragatnaşyk» agentligine «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berildi.


1618bcf7f61792.jpeg
Mary welaýatynyň gaz geçirijilerini abatlamak işleri dowam edýär
10.11.21 - 18:56

«Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň kärhanalaryny we guramalarynyň, şeýle hem Mary welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň işgärleri şäherleriň we obalaryň ilatyny gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, hereket edýän gaz geçirijilerini abatlamak, gaz torlaryny ýyladyş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri alyp barýarlar.