
Jebelde halkara howa menziliniň gurluşygynda hünärmenleriň 600-den gowragy zähmet çekýär
29.02.24 - 22:04Şu ýyl Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde sagatda 100 ýolagça hyzmat edip biljek täze halkara howa menziliniň gurluşygyny tamamlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda döwrebap tehnologiýalar ulanylyp, desgany gurmakda dürli hünärli hünärmenleriň 600-den gowragy zähmet çekýär, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy «Awazada» okuw maslahatyny geçirdi
28.02.24 - 20:53Şeýle at bilen Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmennebit» DK-nyň Kärdeşler arkalaşygynyň komiteti, TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan okuw maslahaty geçirildi.

“Gahryman Halilbeýli” tankeri türkmen nebitiniň Azerbaýjana iberilmegini üpjün eder
28.02.24 - 20:30ASCO flotyna degişli bolan “Gahryman Halilbeýli” nebitguýujy tankeri düýpli abatlaýyş işlerini geçdi we Türkmenbaşy portundan nebit daşamaga doly taýýar edildi. Häzirki zaman tehnologiýalaryň we enjamlaryň kömegi bilen ASCO-nyň “Zyh” (Zığ) gämi abatlaýyş zawodynda abatlaýyş boýunça işler geçirildi.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda bahasy ABŞ-nyň 16 million dollaryndan gowrak geleşikleriň 20-si hasaba alyndy
27.02.24 - 00:08Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

«The Investor» halkara žurnaly Türkmenistanyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini açyp görkezer
21.02.24 - 22:1420-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Fransiýanyň «Beyond Investments Group» kompaniýasy tarapyndan neşir edilýän «The Investor» halkara neşiriniň direktory Leandro Slowinski bilen geçiren duşuşygynda halkara maglumat giňişliginde Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Türkmenistanyň nebitgaz mümkinçilikleri Parižde maýa goýum forumynda beýan ediler
21.02.24 - 21:3024-25-nji aprelde Pariž şäheriniň “Hyatt Regency Etoile” myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumy (TEIF 2024) geçiriler. Ol “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen hyzmatdaşlykda “TürkmenForum” hojalyk jemgyýeti we “GaffneyCline” britan kompaniýasy bilen bilelikde guralýar.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
20.02.24 - 13:33Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary
20.02.24 - 13:20Nebitgaz sektory milli ykdysadyýetiň esasy pudagy, ýurduň strategik serişdesi bolmak bilen, esasy infrastrukturanyň wezipesini ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň energetikasyny ösdürmegiň maksady, bir tarapdan, döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýardam etmek, beýleki tarapdan bolsa, onuň dünýä energetikasynda eýeleýän ornuny berkitmek we giňeltmek bolup durýar.

Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy
20.02.24 - 00:05Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz toplumynda ýylyň jemlerine garaldy
17.02.24 - 18:39Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýen şygar astynda geçen 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 9-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan we BMG-niň ÝYK energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
14.02.24 - 23:54Sişenbe güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda ugurdaş ministrlikleriň we edaralaryň, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň wekilleriniň Aşgabatda iş sapary bilen gelen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşygy geçirildi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
13.02.24 - 19:38Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Türkmenistanyň wekilleri “Merkezi Aziýa+ABŞ” kritiki minerallar boýunça Dialoga gatnaşdy
12.02.24 - 23:39Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň, "Türkmengaz", "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" döwlet konsernleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet Waşington şäherinde "Merkezi Aziýa+ABŞ" görnüşinde kritiki minerallar boýunça ilkinji dialoga gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanasy habar berýär.

Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin mart aýynda Türkmenistana geler
09.02.24 - 00:15Mart aýynda Ispaniýanyň wekiliýeti maýa goýum hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Türkmenistana geler diýip, Russiýa Federasiýasyndaky türkmen wekilhanasynyň saýty habar berýär.

“Balkangidrogeologiýa” ekspedisiýasy günbatar sebitde agyz suwunyň ätiýaçlyklaryny artdyrýar
09.02.24 - 18:36“Türkmenistanyň ilatly nokatlaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasy” tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň “Balkangidrogeologiýa” ekspedisiýasynyň zähmet toparlary düýpli goşant goşýarlar.