Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçiriler
Aşgabatda 17 — 19-njy marty aralygynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçiriler.
Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlarda iş alyp barýan 200-den gowrak agzasy öz önümlerini hödürlärler, 16 ýyllyň içinde gazanan üstünliklerini görkezerler.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçiriljek maslahatda telekeçileriň ýeten sepgitleri we olaryň öňünde durýan täze wezipeler, hususan-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” hususy ulgamy ösdürmek babatda kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
ZENAN GAÝRATYNY GÖRKEZEN MEŞHUR ATLY ÝÖRIŞLER
Geçen asyrda oba we halk hojalygynda yhlasly zähmet çeken türkmen gelin-gyzlarynyň gatnaşmaklarynda atly ýörişleriň birnäçesi geçirilip, olar taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Olaryň ilkinjisi 1936-njy ýylda türkmen ýaşlarynyň VII gurultaýyna bagyşlanyp geçirilipdir.
TÄSIRLI GEÇEN BÄSLEŞIK
8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen Balkan welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebiniň guramagynda müdirligimiziň diwanynda, awtoulag meýdançasynda, gulluklarynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda sportuň şaşka görnüşi boýunça geçirilen ýaryş juda çekeleşikli boldy.
Enedir dünýäniň mähir baýlygy
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalary, şeýle hem Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Enedir dünýäniň mähir baýlygy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Aşgabat şäherinde, «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi
Paýtagtymyzdaky Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi.
BÄSDEŞLIGE UKYPLY AÝAKGAPLAR
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Röwşen aýakgaplary» kärhanasynyň paýly gatnaşygy esasynda Mary şäheriniň ozalky Gön kärhanasynyň binýadynda esaslandyrylan «Maryderi-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümlerinde döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sargytlary esasynda aýakgaplar, egin-eşikler, emeli sütükli gulakjynlar we beýleki önümler öndürilýär.