Ýurdumyzda näsagda böwrek çalyşmak boýunça ilkinji operasiýa üstünlikli geçirilgi
Ýurdumyzda näsagda böwrek çalyşmak boýunça ilkinji operasiýa üstünlikli geçirilgi. Böwrek transplantasiýa operasiýasy birnäçe ýyllardan bäri dowamly böwrek ýetmezçilikli näsaga özüniň ýakyn garyndaşynyň böwregi alnyp, ýerine ýetirildi. Bu çylşyrymly operasiýa ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan amala aşyryldy. Häzirki döwürde böwregini beren adamyň we böwrek oturdylan näsagyň ýagdaýy kanagatlanarly, olar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar.
Döwlet Baştutanymyz bu habary kanagatlanma bilen kabul edip, operasiýanyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady we munuň milli lukmanlarymyzyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň gazanan uly üstünligidigini nygtady.
Milli kanunçylyga laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan adamyň beden agzalaryny ýa-da dokumalaryny transplantasiýa etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen, häzir ýurdumyzda beden agzalarynyň ýa-da dokumalarynyň transplantasiýasy operasiýasyny amala aşyrmaga doly mümkinçilik döredildi. Bu ugurda dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen milli hünärmenlerimiz daşary ýurtlaryň öňdebaryjy klinikalarynda hünär kämilleşdiriş okuwlarynda boldular hem-de böwrekleri transplantasiýa etmegiň tärlerini öwrenip, amaly endikleri ele aldylar. Ýurdumyzyň hirurgiýa ugurly merkezi bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hünärmenleri we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary Halkara okuw-ylmy merkezinde böwrekleri transplantasiýa etmegiň tejribe-synag operasiýalaryny yzygiderli geçirdiler.
Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda beden agzalarynyň ýa-da dokumalarynyň transplantasiýasy operasiýasyndan soňky döwürde näsaglara gözegçilik etmek we zerur barlaglary geçirmek üçin mümkinçilikler bar hem-de degişli bejeriş-öňüni alyş edaralary zerur derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen doly üpjün edildi.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.