Ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde «ýaşyl» energiýanyň orny

Adamzadyň aňy ösdügiçe, islegler artyp, öz döwrüne görä talaplar täze görnüşde ýüze çykýar. Dünýäni herekete getirýän güýç energetika hasaplanýar. Energiýanyň bolsa häzirki zamanda dürli çeşmeleri bar. Bu babatda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy aýratyn wajyplyga eýedir.
Türkmenistanyň dünýä boýunça gazy eksport ediji ýurtlaryň ilkinji onlugynda we tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orunda durmagy guwandyryjy hakykatdyr. Zeminde ýaşaýan ähli halklaryň abadan, howpsuz geljeginiň üpjün edilmeginden gelip çykýan möhüm wezipeler ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-tehnologik özgertmelerde hem öz beýanyny tapýar, bu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk gorlarynyň tygşytly peýdalanmagyny ünsden düşürmeli däldir. Ýeriň astynda nebit we gaz gorlary tükenýän baýlyklara degişli. Öz ýurdunda nebit we gaz bolmadyk döwletler üçin, elbetde, aňsat däl. Şol sebäpli Ýewropa ýurtlary, Kanada we beýleki ýurtlar 25 — 35 ýyl mundan ozal ýangyjyň aladasyny edip ugradylar. Agajyň ýonuşgasyndan salýarka (dizel ýangyjyny) öndürmegiň hem-de nebit gorlary alnyp gutarylan çuň bolmadyk meýdançalardan, nebit siňen toprakdan ýörite zawod gurup, ýangyç almagyň, öndürmegiň hem-de has çylşyrymly gatlaklarda emele gelen slanes gazyny we nebitini çykarmagyň we işlemegiň täzeçil usullaryny tapdy. Gün energiýasyndan peýdalanyp, elektrik toguny öndürmek usuly oýlanyp tapyldy. Şeýle usula ýel bilen işleýän degirmenler hem degişlidir. Bu enjamlaryň kömegi bilen elektrik energiýasyny öndürmek tebigy, ekologik arassa «ýaşyl» energiýa degişlidir.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek Gün şöhlesiniň, ýeliň, suwuň energiýasyny, biomassany, tebigy ýangyç almak üçin ösdürilip ýetişdirilýän ýörite ösümlikleriň önümçiligini ýola goýmaga we halk hojalygyny ekologiýa zyýan ýetirmeýän çeşmelerden alynýan energiýa bilen üpjün etmäge gönükdirilendir.
Alymlar, inžener-konstruktorlar tarapyndan oýlanyp tapylan bu enjamlar «ýaşyl» energiýanyň ähmiýetini artdyrdy, daşky gurşawy goramakda energetika ykdysadyýetiniň ösmegine ýardam etdi. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna täsir etdi. «Ýaşyl» energiýa — ýagty geljege ýol açdy.
Garagum sährasynda çopanlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen ýel degirmenleri az mukdarda bolsa-da ulanylyp gelinýär. Giden bir etraby ýa-da şäheri tok bilen üpjün etmäge mümkinçilik bar. Merkezi Aziýa sebitinde Gün we ýel potensialy boýunça ýurdumyz ikinji orunda durýar. Diýarymyzda ýylda 300-den gowrak güneşli gün bolup, ortaça Gün şöhlesiniň dowamlylygy 2 müň 700 — 3 müň 150 sagatdyr. Türkmenistanyň çäginiň, takmynan,
40 göterimden gowragy ýeliň energiýasyny ulanmaga amatly hasap edilýär. Günden toplanan tok energiýasyny birnäçe günläp peýdalanmagyň we saklap ulanmagyň usullary, tehnologiýasy tapyldy. Günbatar Türkmenistanda Balişemden Balkanabat, Gyzylarbat aralygynda ýeliň öwüsmeýän wagty ýok diýen ýaly. güýçli ýel öwsende ýel degirmenleriniň enjamlarynyň hatardan çykmagy ahmal, onuň üçin ýeliň kadaly öwüsýän ýerini gözlemek, ýeliň akymyny, ugruny ölçemek, gerekli meýdançalary gözlemek we tapmak işleri ýüze çykýar.
Ylmy açyşlar, oýlap tapyşlar, ilkinji nobatda, biziň döwlet berkararlygymyza oňyn täsir edýär. Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly: «Gündiziň ýagtylygy üçin Günüň, gijäniň görki üçin Aýyň, topragyň sahawatlygy üçin suwuň nähili gymmaty bar bolsa, ynsan we ýurt ykbaly üçin hem ylmyň gymmaty çäksizdir. Ylym we ylmy täzelikler biziň ähli ösüşlerimiziň badalgasydyr, bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr. Ýurt bähbitli möhüm çözgütleri, derwaýys meseleleri diňe ylmy taýdan çözmek, uzak möhletli meýilnamalary ylmy taýdan işläp düzmek biziň esasy ýörelgämizdir».
Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.

Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.

Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.