Makalalar

Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

https://ussatnews.com/storage/posts/12094/original-16988434a4ad1a.jpeg

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasaty durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Türkmenistanda ähli sebitleri we ulgamlary — senagatdan we energetikadan başlap, durmuş, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny gurşap alýan giň gerimli toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Uzak möhletli ösüş üçin maýa goýum syýasatyny netijeli ulanmak hem-de mäkäm ykdysady binýady döretmek döwletiň üns merkezinde durýar.

Ýurdumyzy ösdürmegiň hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmegiň esasy döwlet maksatnamalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň makullanylmagy toplumlaýyn çemeleşmäniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu maksatnama Döwlet býujetine gabat getirildi hem-de makroykdysady durnuklylygy goldamak, jemi içerki önümi artdyrmak, ykdysadyýeti ösdürmek hem-de önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri göz öňünde tutýar. Her bir sebit üçin 2026-njy ýylda ösüşiň ýörite hem-de önümçilik görkezijileri kesgitlenildi.

Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek hem-de önümçiligiň senagat-innowasion derejesini ýokarlandyrmak maýa goýum syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Hereket edýän kuwwatlyklaryň doly üpjün edilmegine, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem-de täze, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Maýa goýumlary diňe ykdysady netijä däl-de, eýsem, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga hem gönükdirilýär. Şonuň üçin Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda durmuş düzümleriniň ösdürilmegi ileri tutulýar.

Döwletimiz ykdysady düzümi yzygiderli giňeldip we ösdürip, çig mal sektoryna garaşlylygy peseldýär hem-de eksport we import ugurly harytlary öndürýän pudaklary döredýär. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, olaryň daşarky bazarlarda ornuny giňeltmek hem-de ýurduň içinde çig maly gaýtadan işlemegi höweslendirmek maýa goýum işiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Önümçiligiň netijeliligini we ösüşiň durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň şertleri hasaplanýan ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga hem-de daşky gurşawyň goralmagyna uly üns berilýär.

Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda ösen düzümli döwrebap şäherçeleri we obalary gurmak wezipesi bar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öň ýanynda Ahal we Daşoguz welaýatlarynda täze ilatly nokatlar açylyp ulanmaga berildi, olarda ýaşamak üçin amatly şertler döredildi: ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş edaralary, medeniýet we söwda merkezleri bina edildi. Aşgabatda, Arkadag şäherinde we beýleki sebitlerde hem ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy dowam edýär. Ipoteka we sarp ediş karzlaryny bermek, şol sanda ýaş maşgalalary goldamak boýunça maksatnamalar amala aşyrylýar, munuň özi ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga hem-de durmuş durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Maýa goýum syýasatynda saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Aşgabatda Halkara pediatriýa, onkologiýa we stomatologiýa merkezleriniň gurluşygy dowam edýär, ýurdumyzyň sebitlerinde täze lukmançylyk edaralaryny gurmak işleri meýilleşdirilýär. 2025-nji ýylda Mary ýokanç keselleri hassahanasy we Saglyk öýi gurlup ulanmaga berildi, döwrebap klinikalaryň düýbi tutuldy, bu, öz nobatynda saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi we olaryň hilini ýokarlandyrýar.

Bilim ulgamy hem işjeň ösdürilýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti hem-de Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň desgalary gurlup ulanmaga berildi. Aşgabatda we Türkmenabatda ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň binalarynyň gurluşygy dowam edýär, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak üçin şertleri döretmek bilen baglylykda okuw mekdepleri döwrebap enjamlar we sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilýär.

Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Dürli çeşmelerden maýalary çekmek üçin şertler döredilýär, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, hususy pudagyň ykdysadyýete gatnaşygy höweslendirilýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw, hususylaşdyrma maksatnamalary we hususy maýa goýumlaryny ösdürmek salgyt binýadyny giňeltmäge hem-de ykdysadyýeti maliýeleşdirmegiň möçberlerini artdyrmaga ýardam edýär.

Soňky ýyllarda Türkmenistan önümçilik ulgamyna maýa goýumlaryny artdyryp, ykdysadyýeti ösdürmek hem-de gaýtadan işlemegiň ýokary paýly nusgasyna geçmek üçin mäkäm binýat döretdi. Innowasiýalary ornaşdyrmak, eksport ugurly önümçilikleri ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeler bolup durýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti durnukly ösýär: maýa goýumlarynyň agramly bölegi iri milli we sebit taslamalaryna, şol sanda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan energetika ulgamynyň gurluşygyna gönükdirilýär, olar Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ornuny berkidýär hem-de eksport kuwwatyny artdyrýar.

Türkmenistanyň 2020-nji ýylda Bütindünýä Söwda guramasynda synçy derejesini almagy ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmak ýolunda möhüm ädim boldy. Bu maýa goýumlaryny çekmek, şol sanda nebitgaz pudagyna çekmek üçin täze mümkinçilikleri açýar, onuň işi ýörite kanunçylyk we önümleri paýlaşmak hakynda şertnamalar bilen düzgünleşdirilýär.

Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty makroykdysady durnuklylyga, ösen hukuk binýadyna, baý tebigy we maddy serişdelere, şeýle hem maýa goýumlaryny we hususy pudagy goldamagyň netijeli usullaryna esaslanýar. Giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagy ykdysadyýetiň durnukly ösüşini berkitmäge we ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Ileri tutulýan bu ugurlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwlet syýasatynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.


1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.

16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.