TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
Häzirki wagtda Owganystanyň çäginde uzynlygy 153 kilometr bolan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan esasy böleginiň gurluşygy çalt depginde dowam edýär.
Gurluşyk desgalaryna baryp görenimizde, bize bu giň gerimli taslamany amala aşyrmaga gatnaşýan hünärmenler bilen gürrüňdeş bolmak miýesser etdi.
Rejep ŞÜKÜROW,
«TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň birinji derejeli inženeri:
— Maňa sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegi we Günorta Aziýanyň tebigy gaza bolan islegini kanagatlandyrmagy maksat edinýän TOPH taslamasynyň möhüm gurluşyk desgasynda işlemäge mümkinçiligiň döredilendigine örän guwanýaryn.
Giň gerimli taslamany netijeli amala aşyrmak, hünärmenleriň birkemsiz işlemegi we ýaşamagy üçin oňaýly şertler döredildi. Bu ýerde gurlan ýaşaýyş toplumlary inženerlere, gazçylara, geodeziýaçylara, kebşirleýjilere, mehaniklere we beýleki hünärmenlere gowy şertlerde zähmet çekmäge, dynç almaga mümkinçilik berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn üns bermegi netijesinde bu ýerde gaz geçiriji turbany çekmek we kebşirlemek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Şol işler bilen birlikde, gurluşygyň nobatdaky tapgyrlary üçin trassany taýýarlamak, garym gazmak, binýady taýýarlamak, turbalary kebşirlemek, olary ýerleşdirmek we örtmek işleri dowam edýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň kebşirleýjileriniň işini aýratyn bellemek gerek, çünki gaz geçirijiniň ygtybarlylygy şol işleriň hiline baglydyr. Häzire çenli bu ýerde kebşirleme-gurnama toparlarynyň 14-si döredildi, olarda hünär ussatlygy tassyklanylan we turbalary kebşirlemäge ygtyýar berlen hünärmenler zähmet çekýär.
Bu ýerde işlemek her bir hünärmen üçin uly jogapkärçilik we şol bir wagtda uly hormat bolup durýar. Biz diňe ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, tutuş sebit üçin taryhy ähmiýeti bolan taslamany amala aşyrmaga gatnaşýandygymyza düşünýäris, bu jogapkärçiligimizi artdyrýar hem-de bizde buýsanç duýgusyny döredýär.
Abdy AKMYRADOW,
«Türkmengazgurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş hünärmeni:
— TOPH taslamasy halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasynda aýratyn orny eýeleýär. Mälim bolşy ýaly, gaz geçirijiniň 214 kilometrlik türkmen böleginiň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Bu gün biz buýsanç we ruhubelentlik bilen «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň möhüm böleginde zähmet çekýäris.
Biz gaz geçirijiniň ugruny taýýarlaýarys, gözegçilik ýollarynyň gurluşygyny we ýer-gazuw işlerini geçirýäris. Daglyk we baýyrlyk ýerleriň çylşyrymly böleklerine garamazdan, hünärmenlerimiz netijeli zähmet çekip, turbalary garyma ýerleşdirmezden öň topragy taýýarlaýarlar.
Ýüzlerçe hünärmeniň gatnaşýan işiniň dowamynda biz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýratyn aladasyny we ünsüni äşgär duýýarys. Hemmetaraplaýyn berilýän goldaw netijesinde gurluşyk meýdançalaryna diametri 1422 millimetr bolan turbalar öz wagtynda getirilýär, döwrebap tehnikalar we enjamlar ulanylýar, netijede, işleri tassyklanan tertibe we halkara ölçeglerine laýyklykda geçirmäge mümkinçilik döreýär.
Häzirki wagtda hünärmenler kebşirleme-gurnama hem-de garymlar boýunça ýer-gazuw işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar.
Taslamany amala aşyrmak üçin döwlet tarapyndan giň goldawyň berilmeginiň netijesinde gurluşyk meýdançalarynda döwrebap gurluşyk tehnikalary — buldozerler, ekskawatorlar we beýleki ýöriteleşdirilen maşynlar ulanylýar. Bu bolsa işleriň depginini artdyrmaga we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Taslama gatnaşyjylaryň sazlaşykly işlemegi we işleri takyk meýilleşdirmegi netijesinde biz öňe tarap ynamly gadam urýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän taslamanyň üstünlikli tamamlanjakdygyny we sebitiň ykdysady taýdan ösmeginiň möhüm şerti boljakdygyny ynam bilen aýdyp bileris.
Babajan BÄHBIDOW,
«Türkmenýöritenebitgazgurnama» trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama müdirliginiň ussasy:
— Men iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýan, türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa ýurtlaryna iberilmegini üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmaga gatnaşýandygym üçin özümi bagtly saýýaryn.
Gaz geçirijiniň Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygy taslamany amala aşyrmagyň möhüm tapgyry bolup durýar hem-de sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär.
Häzirki wagta çenli taslamanyň taýýarlaýyş tapgyry üstünlikli tamamlandy, Serhetabat — Hyrat böleginiň tutuş dowamynda geodeziýa işleri ýerine ýetirildi. Bu möhüm iş bolup durýar, sebäbi hut şol işleriň esasynda gaz geçirijiniň takyk ugry emele gelýär we her bölekde gurluşygyň amatly tehnologiýasy kesgitlenilýär. Trassanyň 129 kilometrden gowrak bölegi eýýäm potratçy edaralara tabşyryldy, onda gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.
Gaz geçirijiniň owgan bölegi çylşyrymly tebigy şertleri bilen tapawutlanýar. Bu ýerde daglyk we geçmesi kyn ýerler duş gelýär, şeýle ýerlerde ýörite tehniki çözgütleri ulanmak zerur bolýar. Şonuň üçin gurluşyk meýdançalarynda kuwwatly maddy-tehniki binýat döredildi, döwrebap enjamlar we tehnikalar ulanylýar, şeýle hem işe ýokary hünär derejeli hünärmenler çekildi.
Ähli işler halkara standartlaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Hünärmenlerimiz gurluşyk-gurnama işleriniň takyklygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän geodeziýa ölçeglerini geçirýärler. Şeýle hem ulanylýan materiallaryň hiline hem-de gurluşygyň her tapgyrynda tehnologik talaplaryň berjaý edilmegine uly üns berilýär.
Baglaşylan şertnamalara laýyklykda, Owganystanyň çägindäki gurluşyk meýdançalaryna diametri 1422 millimetr bolan turbalaryň, birleşdiriji şaýlaryň, örtüji we kebşirlenýän materiallaryň, barlaghana enjamlarynyň we beýleki zerur serişdeleriň getirilmegi dowam edýär. Bularyň hemmesi gurluşyk işlerini dyngysyz amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän TOPH taslamasynyň amala aşyrylmagynyň sebitiň ýurtlarynyň arasynda energetika hyzmatdaşlygyny berkitmekde möhüm ädim boljakdygyna ynanýarys. Bu taslamanyň uly ykdysady we strategik ähmiýeti bolup, ol infrastrukturany hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.