Makalalar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

https://ussatnews.com/storage/posts/12580/original-169e5f1af28ddf.jpeg

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Ýurdumyzyň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyryljak bu iri taslama ýylda

10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we şol möçberdäki gazy çykarmaga niýetlenen ulanyş guýularyny burawlamak işlerini göz öňünde tutýar. Bu işler «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetiriler.

Dabara tematik sergi hem-de estrada aýdymçylarynyň, bagşylaryň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda konsert maksatnamasy bilen utgaşdy. Sergi gazy gaýtadan işleýän toplumyň şekil taslamalaryny, döwrebap buraw we geofiziki enjamlary, robotlaşdyrylan ulgamlary, ýöriteleşdirilen tehnikalary, şeýle hem amaly-haşam sungatynyň nusgalaryny, milli lybaslary we meşhur türkmen halylaryny öz içine aldy.

Gahryman Arkadagymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň we Hytaýyň durmuşa geçirýän bilelikdäki giň gerimli taslamalarynyň diňe iki döwletiň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşine goşant goşýan strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydygyny nygtady. Şeýle-de, 2009-njy ýylda Türkmenistan —–Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanyşa girizilmeginiň energetika hyzmatdaşlygynda möhüm tapgyr bolandygy aýratyn bellenildi.

Dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň hem döwletiň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, eksporta niýetlenen çig mal binýadyny berkitmekde uly ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy. Dördünji tapgyryň çäklerinde gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, düzüm desgalarynyň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň çäklerinde bir müňden gowrak täze iş orny dörediler.

Öz nobatynda, Din Sýuesýan täze tapgyryň işe girizilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda, şol sanda iki ýurduň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ädim bolup durýandygyny belledi.

Dabaranyň dowamynda türkmen we hytaý hünärmenleri sanly ulgam arkaly Gahryman Arkadagymyza ýüzlenip, ilkinji gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdiler, şondan soň buraw desgasy işe girizildi. Şeýle hem ýadygärlik sene ýazgysy salnan guty dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna oklanyldy hem-de ilkinji beton garyndysy guýlup, gurluşyga badalga berildi.

«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi Türkmenistanyň energetika garaşsyzlygyny pugtalandyrmak üçin strategik binýady emele getirer hem-de ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrülip, sebitiň durnukly ykdysady ösüşine saldamly goşant goşar.

Gazyň baý gorlaryna eýe bolan «Galkynyş» gaz käni dünýäniň energetika pudagynyň üns merkezinde durýar. Ony özleşdirmegiň maksatnamasy ýedi tapgyry öz içine alýar, geljekde bolsa, çykarylýan gazyň mukdaryny ýylda 200 milliard kubmetre golaý ýetirmek meýilleşdirilýär.

16-njy aprelde Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistan — Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Onuň umumy mejlisine hökümet agzalary, iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan we beýlekiler öz çykyşlarynda sebitiň ykdysady ösüşinde Türkmenistanyň we Hytaýyň energetika dialogynyň ähmiýetini bellediler.

Maslahatyň maksatnamasy mowzuklaýyn mejlisleriň ikisini öz içine aldy: gaz taslamalary we maýa goýum mümkinçilikleri, şeýle hem ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek we işgärleri taýýarlamak.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde üstünlikli amala aşyrylýan ýangyç-energetika toplumyna innowasiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Forumyň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd.» kompaniýasynyň arasynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny amala aşyrmak barada şertnama gol çekildi, bu, öz nobatynda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar hem-de Türkmenistanda çykarylýan gazyň mukdaryny artdyrmaga ýardam eder.

Maslahatyň çäklerinde guralan halkara sergi iki ýurduň gaz pudagynda gazananlaryny hem-de öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny görkezdi.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen çäreler türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini tassyklady, şol hyzmatdaşlyk sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýelemegini dowam edýär.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.


16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.