Habarlar

Türkmenistanda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi geçirmek bellenildi

https://ussatnews.com/storage/posts/1049/original-16071251d2a066.jpeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda kemala getirilen, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri hasaplanylýan, wepalylygyň, edermenligiň, batyrlygyň ajaýyp nusgasyna öwrülen türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek hem-de türkmen alabaý itleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynda türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigi hem-de türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi.

Şeýle hem resminama bilen: Türkmenistanda türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigini geçirmegiň Tertibi; türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrundaky bäsleşigi geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikde 1-nji orny eýelän ýeňijä Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyny bermek bellenildi.

Türkmen alabaý itleriniň daşky keşbini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda halyçylaryň, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň we teleoperatorlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerine türkmen alabaý itiniň şekili çitilen iň nepis haly, türkmen alabaý itiniň iň gowy surat eseri, türkmen alabaý itiniň iň gowy heýkeli, türkmen alabaý itiniň daşky keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi — senenama, türkmen alabaý itiniň edermenligini açyp görkezýän iň gowy telewizion görnüşleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmat bahaly baýraklaryny bermek bellenildi.

Şeýle hem resminama laýyklykda, türkmen alabaý itleriniň arasynda “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşikde ýeňiş gazanandygy üçin Türkmenistanyň raýatlaryna we ýuridik şahslaryna degişli türkmen alabaý itlerine berilýän baýraklary şol itleriň ýokary derejede ösdürip ýetişdirilmegine goşant goşan şahslaryň arasynda paýlamak bellenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşigi bilen bilelikde her ýylda: bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümini Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin bermek; bäsleşikleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşigi degişlilikde: bäsleşikleriň geçirilişini milli teleradioýaýlymlaryň, şeýle hem beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen giňden mahabatlandyrmaga; türkmen alabaý itini wasp edýän iň gowy makalalary, hekaýalary, goşgulary, poemalary, teleradiogepleşikleri, çeper hem-de sungat eserlerini, şeýle hem iň nepis halylary Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigine hödürlemäge borçly edildi.

Başga habarlar
16ae1e9948dcab.jpeg
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar

Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.


16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.

16adf6771e1c13.jpeg
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.


16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.