Makalalar

Belent sepgitleri nazarlaýan gazçylar

https://ussatnews.com/storage/posts/1055/original-16072a63b2d88e.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýyly belent sepgitlere besleýärler. Il-günümiziň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy ýaly belent maksatlary ýaran edinen müdirligiň işçi-hünärmenleri şu günler welaýatyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilmegi bilen bir hatarda, türkmen gazynyň halkara hil derejesinde dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny eýelemegi ugrunda hem öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar.

Daşoguzly gazçylaryň birleşen tagallalary bilen «Döwletabat — Derýalyk» halkara ähmiýetli baş gaz geçirijisiniň ugry boýunça türkmen gazy bu gün Russiýa Federasiýasyna we doganlyk Özbegistan döwletine akdyrylýar. Bu ugurda müdirligiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýerleşýän iň soňky gaz gysyjy desgasy bolan «Derýalyk» önümçilik edarasynyň işçi-hünärmenleriniň şu ýylyň deslapky iki aýynyň jemleri boýunça gazanan zähmet netijeleri-de diýseň guwandyryjydyr. Edaranyň gazçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini mynasyp zähmet sowgatlary bilen şöhratlandyrmaklyga şu günlerden uludan taýýarlyk görýändiklerini buýsanç bilen aýdýarlar.

Bu ýerde ýurdumyzyň günorta böleginden gelýän tebigy gazy daşarky sarp edijilere üstaşyr akdyrmakda edaranyň 1-nji we 2-nji gaz gysyjy gulluklary Myrat Rejepow hem-de Muhammet Kakabaýew ýaly tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda uly işleri durmuşa geçirýärler. Edaranyň gaz gysyjy, gaz arassalaýjy we gaz guradyjy desgalarynda alnyp barylýan möhüm işleriň netijesinde bu ýere «Ýylanly» gaz gysyjy desgasyndan gelýän tebigy gazyň guradylyp, arassalanan we güýçlendirilen görnüşinde, halkara hil derejesinde dünýä bazaryna çykarylýandygyny degişli hünärmenler gürrüň berdiler.

Desgada edaranyň nobatçy gözegçileri, ýagny uly dispetçer Ilmyrat Saparmedow, dispetçerler Tirkeş Kakajanow, Atamyrat Öregylyjow we Magsat Hudaýberdiýew ýaly halypa işgärleriniň sazlaşykly hereketleri netijesinde alnyp barylýan işler ýörite kompýuterler arkaly gözegçilikde saklanylýar.

Edarada ýurdumyzyň günortasyndan gelýän tebigy gazyň kabul edilýän we daşary bazarlara goýberilýän möçberiniň hem-de hiliniň dünýä ülňülerine gabat gelmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň hem ýörite kompýuter tehnologiýalary arkaly dolandyrylmagy aýratyn bellärliklidir. Edaranyň gaz guradyjy desgasy özüniň täsin gurluşy bilen görenleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde desganyň himiki barlaghanasynyň hünärmenleri Kakageldi Esenow hem-de Täzegül Mämmetorazowa dagy bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olaryň birleşen tagallalary esasynda daşary bazarlara çykarylýan «mawy ýangyjyň» ýokary hil derejesinde bolmagynyň gazanylýandygyna göz ýetirdik. Önümçilik edarasynyň saz işlemeginde abatlaýyş-gurluşyk toparynyň uly ussasy Söýün Hallyýewiň ýolbaşçylygynda derwaýys işleri alyp barýan abatlaýjy ussalar Döwlet Kulow, Kakabaý Otuzow, Nedirguly Gulmyradow, Baýram Gaýypow hem-de elektrik bilen kebşirleýji Didar Pürliýew dagynyň her biriniň öz mynasyp paýynyň bardygyna göz ýetirmek bolýar.

Hydyrow MUHAMMET,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.