Hazar döwlet goraghanasynyň çäklerinde gülli ösümlikleriň 360-dan gowrak görnüşi bar diýlip hasaplanýar
Hazar döwlet goraghanasy öz döreýiş taryhyny 1932-nji ýyldan alyp gaýdýar. Goraghananyň umumy tutýan meýdany deňiz suw ýüzi bilen bilelikde 269 müň gektara barabardyr. Goraghana çöllüge galtaşýan bir kilometrlik gorag zolagy bilen gurşalan Türkmenbaşy, Demirgazyk Çeleken, Balkan, Mihaýlowsk aýlaglaryny öz içine alýar, onuň tutýan meýdany 192,3 müň gektardyr. Şolardan 159,3 müň gektar aýlaglaryň akwatoriýalary tutýar. Bu çäklerde dürli suwasty ösümlikleriň, oňurgaly haýwanlaryň faunasynyň iňňän bol görnüşleri ýerleşýär.
Goraghananyň tebigaty köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Hazar döwlet goraghanasynyň çäklerinde häzirki wagtda gülli ösümlikleriň 360-dan gowrak görnüşi bar diýlip hasaplanýar. Olar goraghananyň Esenguly böleginde has köp gabat gelýär. Agramly bölegi bolsa gurak ýerde bitýän gysga möwsümli ösümliklerdir. Şolardan 9-sy endemik bolup, Türkmenistanda seýrek duş gelýär. Bu ýerde ösýän zakaspi şorasy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bulardan başga-da deňiz aýlaglarynda suw otlarynyň 41 görnüşi, gülli ösümlikleriň 5 görnüşi ösýär.
Hajymuhammet SEÝDYLLAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.