«Daşoguz» şypahanasy — melhemler mesgeni
Halkymyzyň saglygyny goramak hem-de olaryň ýokary derejede dynç almaklary ugrunda «Daşoguz» şypahanasynyň işgärleriniň hem saldamly paýy bar. Munuň şeýledigini demirgazyk welaýatyň çäginde ýerleşýän bu melhemler mekanynda bolanyňda duýmak bolýar. Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Nurmuhammet Andalyp geňeşliginde ýerleşýän 200 orunlyk döwrebap şypahanasy hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylyň tomsunda welaýata eden iş saparynyň çäklerinde hut özüniň ak pata bermegi bilen halkymyza sowgat eden ajaýyp desgalarynyň biridir. Şol taryhy günden bäri bolsa bu ýerde ildeşlerimiziň müňlerçesi öz saglygyny dikeltmäge hem-de ýokary derejede dynç almaga mümkinçilik aldylar.
Welaýat merkezi bolan Daşoguz şäherinden bary-ýogy 12 kilometr uzaklykda, Daşoguz —–Gurbansoltan eje awtoulag ýolunyň golaýynda ýerleşýän bu şypahana gelip-gitmek üçin şähere golaýlygy, oba ýerde ýerleşýänligi, daş-töwereginiň baglyk we ekerançylyk ýerlerdigi, howanyň arassalygy hem-de dynç almak üçin hiç hili päsgel beriji sesleriň ýoklugy bilen tapawutlanýar.
Şypahanada esasy bejeriş usullary 1250 metr çuňlukdan çykarylýan 54—57 derejeli gyzgynlykly, düzüminde ýod, brom, hlorly natriý, ftor, sink, gurşun we beýleki mikroelementler bolan mineral suw arkaly amala aşyrylýar. Onuň umumy minerallylygy 80,82g/dm3 deňdir.
Dawud KAKAJANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.