Oraza aýynda Diýarymyzyň gülläp ösmegi üçin ýagşy doga-dilegler edýär
Aýlaryň serweri bolan mübärek Oraza aýynda külli musulman dünýäsinde bolşy ýaly, türkmen halkymyz hem agyz bekläp, Diýarymyzyň gülläp ösmegi üçin ýagşy doga-dilegler edýär. Ynsan haýyr işiň başyny başlamakçy bolsa, sähetli ýa-da ýatda galyjy günleri saýlaýar. Remezan aýynyň her bir güni şeýle pursatlara baýdyr. Agyz beklemek ýa-da oraza tutmak musulmanlaryň esasy parzlarynyň biridir. Oraza döwründe birek-biregiň göwnüne degmekden daş durup, her kime eliňden gelen ýagşylygy gaýgyrmaly däldir. Oraza adama özüne erk etmekligi, gündelik durmuşdaky işlerini belli bir düzgüne salmaklygy hem öwredýär.
Biziň her birimiz çagalyk ýyllarymyzda dünýäniň şowhunyna goşulyşyp, ýaremezan baradaky sanawajy aýdyp görendiris. Ynha, “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan şu ýylda hem mübärek Oraza aýynyň öňýanynda çagalaryň «Ýaremezanlary» aýdyp, öýlere aýlanmagy bilen her bir döwletli maşgalanyň gapysy kakyldy. Şeýdibem ýagşy niýetler, gözel pursatlar, ak arzuwlar kalplara şatlyk paýlady. Bu aý ýagty ertirlere bolan ynamymyzy artdyrýar, agzybirligimizi berkidýär.
Baýmyrat SAPAROW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.