Makalalar

Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

https://ussatnews.com/storage/posts/11963/original-1696bb3018965b.jpeg

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar. Hut şeýle ýerde sazlaşyk emele gelýär, durmuşyň many-mazmuny bolsa has-da baýlaşýar. Türkmenistany hoşniýetliligiň mesgeni diýip atlandyrmak bolar, halkyň abadançylygyny bolsa, döwlet syýasatynyň esasy ugry diýip kesgitlemek bolar.

2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem tötänden däl. Bu şygarda ýurdumyzyň belent maksatlara okgunlylygy, sazlaşykly ösüşi we ruhy taýdan galkynyşy öz beýanyny tapdy.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda we peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanda adam baradaky alada, onuň mertebesi we ertirki güne bolan ynamy ileri tutulýan ugruň merkezinde durýar. Halk barada alada etmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, bilimi, saglygy goraýyş we durmuş ulgamyny ösdürmek döwletimiziň mäkäm binýadyna öwrüldi.

Täze günüň başlanmagy bilen Türkmenistanyň şäherleridir obalarynda täze durmuş gaýnap joşýar. Giň şaýollar, bagy-bossana bürenen seýilgähler, ajaýyp amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary adamlarda arkaýynçylyk, buýsanç we ynam duýgularyny berkidýär. Munuň özi her bir raýat üçin amatly durmuş şertlerini döretmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesidir. Bu ýerde her täze gün çaga gülküsi, şatlyk we mähir duýgulary bilen başlanýar.

Ösüp gelýän ýaş nesle döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýär. Körpeler çagalar baglaryna şatlyk bilen barýarlar, çünki olar üns-alada, mähir bilen gurşalandyr. Mekdebe çenli bilim ulgamynyň ösdürilmegi, täze okuw edaralarynyň gurlup ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň geljegine näderejede ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Hut şu ýerde — parahatçylygyň mekanynda çagalar dostlaşmagy, birek-biregi hormatlamagy hem-de özleri üçin dürli öwüşginlere we mümkinçiliklere baý bolan dünýäni höwes bilen açmagy öwrenýärler.

Türkmenistanda mekdep ýyllary — bu täze açyşlar, umyt-arzuwlar we şahsyýetiň kemala gelýän döwri. Täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdeplerde okuwçylar öz geljeginiň ygtybarly binýadyna öwrülýän döwrebap bilimleri alýarlar. Mugallymlar olara bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlarda ene topraga bolan söýgini, Watanyň ykbaly üçin jogapkärçilik duýgusyny döredýärler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan döwlet syýasaty bilimli, watançy we hemmetaraplaýyn ösen nesli kemala getirmäge gönükdirilendir.

Talyp durmuşy bilimlere we açyşlara bolan höwes bilen utgaşýar. Ýaşlar ylymlary, medeniýetleri we häzirki zaman tehnologiýalaryny gyzyklanma bilen öwrenýärler, geljege ynam bilen garaýarlar we maksada okgunly meýilnamalary düzýärler. Ýaşlary goldamak we olaryň zehininiň açylmagy üçin şertleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut ýokary okuw mekdeplerinde döretmek we döwleti berkitmek ýoluny dowam etdirjek geljekki alymlar, inženerler, lukmanlar, mugallymlar we hünärmenler taýýarlanylýar.

Ýurdumyzyň bagtyýar halky tutanýerli zähmeti bilen ykdysadyýetiň, ylmyň, medeniýetiň we oba hojalygynyň gülläp ösmegine mynasyp goşandyny goşýar. Olaryň tagallalaryna ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuş maksatnamalaryny yzygiderli amala aşyrýan döwletimiz tarapyndan ýokary baha we giň goldaw berilýär. Adamlar işden soň ýokary amatlykly öýlerine gaýdyp barýarlar, şol ýerde olara mähirli maşgala ojagy, asudalyk we ertirki güne bolan ynam garaşýar.

Maşgala jemgyýetiň durmuşynda aýratyn orun eýeleýär. Bu ýerde söýgi, hormat we nesilleriň dowamaty dowam bolýar. Adamlar berk maşgala gurýarlar, çagalaryny milli gymmatlyklar we däpler esasynda terbiýeleýärler. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty maşgala mekdebiniň kemala gelmegine uly ähmiýet berýär, çünki maşgala ojagynda hoşniýetliligiň, halallygyň we adamkärçiligiň esaslary emele gelýär.

Ýurduň gazananlary diňe döwrebap binalar, ýollar we tehnologiýalar bilen kesgitlenmeýär. Türkmenistanyň baş baýlygy — bu ertirki gününe ynamy uly bolan bagtyýar adamlar. Haçan-da, jemgyýet asudalykda we abadançylykda ýaşanda, her bir adam özi barada aladany duýanda geljek has-da mäkäm we ýagty bolýar.

Türkmenistan — parasatly syýasatyň halka hyzmat edýän ýurdy, bu ýerde zähmet rehnet getirýär, arzuwlar bolsa, hakykata öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bu ýerde bagtly geljek — parahatçylyga, söýgä, döredijilige we ynama esaslanan geljek döreýär.

Ussa USSAÝEW,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.


169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.

168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.


168c37ec2b1350.jpeg
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.