Makalalar

Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

https://ussatnews.com/storage/posts/12017/original-169775e66ee8e5.jpeg

Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän sanly özgertmeler syýasaty media ulgamynda yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu syýasat diňe bir pudagyň tehniki taýdan täzelenmegine däl-de, eýsem, jemgyýet bilen maglumat alyş-çalşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, watançylyk düşünjesini ösdürmäge we döwletiň halkara giňişligindäki abraýyny berkitmäge gönükdirilendir.

Maglumat tehnologiýalarynyň çalt depginlerde ösmegi bilen baglylykda, sanly çözgütleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu ugur birnäçe strategik resminamalarda we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynda öz beýanyny tapdy.

Sanly özgertmeleriň möhüm tapgyry hökmünde 2019 — 2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň, şeýle hem 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi çykyş etdi. Bu resminamalar KHBS-iň maglumat ýaýratmagyň häzirki zaman sanly görnüşlerine geçmegi üçin berk esas döretdi. Netijede, habarlary tiz wagtda bermek we olaryň giň, şol sanda daşary ýurtly okyjylar üçin elýeterliligi ep-esli artdy.

Sanlylaşdyrma meselelerine 2022-nji ýylyň 13-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem aýratyn üns berildi. Döwlet Baştutanymyz media ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, maglumat geçiriş tizligini ýokarlandyrmagyň, diňleýjileriň gurşawyny giňeltmegiň we çap edilýän mazmunyň hilini gowulandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Şondan bäri sanly görnüşlere geçiş türkmen žurnalistikasy üçin täze mümkinçilikleri açdy. Multimedia materiallarynyň elýeterliligi ep-esli artdy, habarlaryň tizligi ýokarlandy, okyjylar we tomaşaçylar bilen häzirki zaman aragatnaşyk görnüşleri peýda boldy, KHBS-iň jemgyýetçilik pikirini kemala getirmekdäki täsiri güýçlendi.

Häzirki wagtda «turkmenportal.com», «infoabad.com», «jeyhun.news», «turkmeninform.com», «zamanturkmenistan.com.tm», «orient.tm», «ussatnews.com» ýaly sanly platformalar ýurduň içinde-de, daşynda-da giňden meşhurdyr. Olaryň işi Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmäge we döwletiň ählumumy media giňişligindäki maglumat taýdan gatnaşygyny giňeltmäge ýardam berýär.

KHBS-iň sanly ösüşiniň ygtybarly binýady hökmünde häzirki zaman hukuk binýady çykyş edýär. Türkmenistanda «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminamalar we sanly hyzmatlar hakynda», «Şahsy maglumatlar hakynda» kanunlar hereket edýär. Bu kanunlar media ulgamynyň hukuk taýdan kadalaşdyrylmagyny we maglumat giňişliginiň goragyny üpjün edýär.

Şeýlelikde, ählumumy sanly üýtgeşmeleriň şertlerinde Türkmenistandaky sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri durnukly ösüşiň, medeni diplomatiýanyň we jemgyýetçilik durnuklylygynyň möhüm guralyna öwrülýär.

Ussa Ussaýew,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.

Başga makalalar
16a5d055ec06de.jpeg
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.


16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.