Köşüden Kremle çenli atly ýöriş
XX asyr türkmen taryhşynaslyk ylmy özüniň sahypalaryna halkara derejesinde uly gyzyklanma bildirilen unudylmajak wakalaryň, atly ýörişler bilen baglanyşykly gahrymançylykly pursatlaryň onlarçasyny ýazdy. Şolaryň ilkinjisi hem Aşgabat — Moskwa atly ýörişidir. Bu taryhy ýöriş 1935-nji ýylyň 30-njy maýynda başlanyp ol şol ýylyň 21-nji awgustynda, bellenilen meýilnamadan üç gün öň tamamlanýar. Ýoluň umumy uzaklygy 4 müň 300 kilometre barabar bolup, ony atly ýörişe gatnaşyjylar segsen dört günde geçýärler. Ýoluň ugur menzilleri Aşgabat — Ýerbent — Köneürgenç — Goňrat — Aktýubinsk — Orenburg — Kuýbyşew — Penza — Rýazan — Moskwa görnüşinde saýlanyp alynýar. Aşgabat — Moskwa atly ýörişe gatnaşyjylaryň başlangyç ugrunyň merkezi badalgasy Aşgabadyň Köşi obasy, onuň soňky nokady Kremle çenli aralyk hökmünde kabul edilip tassyklanýar.
Ýörişe gatnaşan türkmen bedewleriniň arasynda Tarlaň, Arap, Dorguş, Alsakar, Titanik, Alguş, Dordepel, Burnak atly atlar ähli görkezijileri boýunça öňdebaryjylar hökmünde aýratyn tapawutlanypdyr. Onuň düzüminde Saparguly Sähetberdiýew, Sapar Altyýew, Annageldi Sähetliýew (ählisi Tejen etrabyndan), Ýanar Annaorazow, Baba Durdymyradow, Patyşaguly Pökgiýew, Öwezgeldi Gurbanow, Seýit Şyhyýew (ählisi Gökdepe etrabyndan), Meret Babalyýew, Juma Nuryýew, Akmyrat Kadyrow (ählisi Mary etrabyndan), Çary Karyýew (Baýramaly etrabyndan), Berdi Adyýew, Illi Täşliýew (Magtymguly etrabyndan), Ataş Annaamanow, Bekmyrat Annamyradow, Aşyr Gulybekow, Meret Muhammedow, Anna Gurbanow, Aşyrguly Bekow (ählisi Ruhabat etrabyndan), Aktelpek Nagymow (Köneürgenç etrabyndan), Batyr Gazakow (Garaşsyzlyk etrabyndan), Babajan Şükürow, Akmämmet Babaýew, Esen Hydyrow, Gurbandurdy Amanow (ählisi Görogly etrabyndan) ýaly raýatlar çykyş edipdirler. Atly ýörişiň aýry-aýry menzillerindäki taryhy pursatlary P.A.Pýakow surata düşüripdir we olar boýunça dokumental kino taýýarlapdyr. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde O.Täçnazarow, N.I.Putilin, Ý.Kuznesow, E.M.Laman ýaly galamgärler ýörişiň üstünlikli häsiýetlerini dürli dillerde okyjylara tanyşdyryp durupdyrlar.
Ýörişe gatnaşyjylar 1935-nji ýylyň 22-nji awgustynda Moskwanyň Abelman meýdançasynda uly şowhun-şagalaň, aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylanýar. Garşylanyş dabarasynyň maslahatynda Sowet Soýuzynyň marşaly M.N.Tuhaçewskiý giňişleýin çykyş edýär. Bu şanly wakanyň şöhratly pursatlary barada dünýä metbugatynda zeminiň dürli halklarynyň dillerinde türkmen ýigitleriniň batyrlygyna, gaýduwsyzlygyna, edermenligine, mertligine we gahrymançylykly başarnyklaryna, atlaryň näziklik, ýyndamlyk, sagdynlyk, gözellik, wepalylyk, duýgurlyk, çydamlylyk, çalasynlyk, häsiýetlerine, ýollary tygşytly geçiş ukyplaryna ýokary baha berýän onlarça makalalar ýazylýar. Toparyň ýörişe gatnaşan ähli agzalaryna Kremlde SSSR MIK-niň 1935-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky karary bilen «Gyzyl Ýyldyz» ordeni, altyn sagatlar, Hormat hatlary berlip, olar üçin on günlük gezelenç saparlary, konsertler guralýar.
1937-nji ýylda Aşgabadyň Haly fabriginiň çeper elli halyçylary Ejegyz Paşşyýewanyň, Ogulgurban Bekiýewanyň, Ogulgurban Agaýewanyň, Aýna Nuryýewanyň, Söýli Borjakowanyň, Akjemal Begjikowanyň, Hesel Garaýewanyň, Nurana Taňmyradowanyň gatnaşmaklarynda «Asyryň ilkinji atly ýörişi» atly ini 202 santimetr, boýy 331 santimetr ölçegli, çitimleri 50 dürli reňkler bilen bezelen ajaýyp türkmen el halysy dokalýar. 1939-njy ýylyň 30-njy aprelinden 1940-njy ýylyň 27-nji oktýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde Ýer şarynyň halklarynyň Bütindünýä Sungat sergisi geçirilýär. Bu serginiň Aziýa pawilýonynda «Asyryň ilkinji atly ýörişi» atly türkmen halysy görkezilýär. Bu täsin, çeper hala sergi tamamlanýança 44 million adam tomaşa edipdir. Bu haly häzirki wagtda Moskwanyň Haly muzeýinde saklanýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow 15-nji oktýabrda Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjana bardy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we SPE energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeňleşdirýär
Aşgabatda 21–23-nji oktýabrda geçiriljek OGT – 2026 Halkara nebitgaz maslahatynyň çäklerinde Nebitçi inženerler jemgyýetiniň (SPE) wekilleri tarapyndan aýratyn tegelek stol geçiriler diýip, Turkmen Energy Forum habar berýär.
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň Ýörite wekili Eduards Stiprais bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär
10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.