Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan taslamasy bu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Owganystana amala aşyrylan nobatdaky iş saparymyz TOPH gaz geçirijisiniň möhüm bölegi — «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu gaz geçirijiniň gurluşygy XXI asyryň strategik taýdan möhüm taslamalarynyň biri hasaplanylýar.
Gurluşyk meýdançalaryna alan ugrumyz ýokary tizlikli Aşgabat — Mary awtomobil ýolundan başlandy. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýol gurluşygynyň bu iri taslamasy Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyryldy we şanly ýylyň möhüm desgalarynyň üstüni ýetirdi. Täze ulag ýoly wagty tygşytlamaga, logistikanyň netijeliligini artdyrmaga, ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine ýardam edýär.
Soňra ýol türkmen-owgan serhedine tarap dowam etdi. Ýol ugrunda sebit hyzmatdaşlygyny, energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, Türkmenistanyň halklaryň bähbidini araýan syýasatynyň nyşanyna öwrülen TOPH gaz geçirijisi üçin turbalary alyp barýan awtoulaglary görmek bolýardy.
Gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşyk meýdançalarynda uzynlygy 153 kilometre deň bolan Serhetabat — Hyrat bölegini çekmek boýunça işler dowam edýär. «Türkmengaz» döwlet konserni taslamanyň baş potratçysy bolup çykyş edýär, gurluşyk işlerini bolsa, gös-göni «Türkmengazgurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti ýerine ýetirýär.
Häzirki wagtda «Arkadagyň ak ýoly» gaz geçirijisiniň gurluşygynda türkmen hünärmenleriniň — inženerleriň, gazçylaryň, kebşirleýjileriň we gurluşykçylaryň 700-e golaýy zähmet çekýär. Desgalaryň döwrebap maddy-enjamlaýyn binýady bolup, olarda 250-den gowrak ýöriteleşdirilen tehnikalar ulanylýar. Olaryň hatarynda «Zoomlion» buldozerleri, «Komatsu» ekskawatorlary, turba goýujylar, turba çekijiler, kuwwatly awtokranlar we beýleki tehnikalar bar.
Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyny üpjün etmek üçin turba önümlerini, enjamlary we zerur bolan materiallary getirmek barada halkara şertnamalarynyň 17-si baglaşyldy. Hususan-da, «MAN Industries Ltd» hindi kompaniýasy bilen polat turbalaryň 150 müň metrden gowragyny getirmek barada umumy bahasy ABŞ-nyň 190 million dollaryndan gowrak bolan şertnama gol çekildi.
Häzirki wagta çenli kompaniýa tarapyndan turba önümleriniň
108 müň metrden gowragy öndürildi. Olaryň agramly bölegi Poti, Alýat, Türkmenbaşy Halkara deňiz portlarynyň üsti bilen getirildi. Turbalar Owganystanyň çäginden geçýän gaz geçirijiniň ugrundaky gurluşyk meýdançalaryna ugradylýar.
Döwlet tarapyndan berilýän goldaw hem-de döredilýän şertler gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygynyň kesgitlenen möhletlerde tamamlanjakdygyna bolan ynamy has-da artdyrýar.
Häzire çenli uzynlygy 153 kilometr bolan gaz geçirijiniň tutuş dowamynda geodeziýa işleri doly tamamlandy, trassa bolsa potratçy edaralara tabşyryldy.
Bu ýerde trassany arassalamak, tekizlemek, turbalary kebşirlemek, gurnamak, kebşirlenen turbalaryň seplerini örtmek, garym gazmak, turba geçirijini ýerleşdirmek boýunça işler dowam edýär.
Gaz geçirijiniň ugrundaky gözegçilik ýollarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Häzire çenli şeýle ýollaryň 107 kilometrden gowragy çekildi, bu desgany geljekde ulanmak, onuň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.
TOPH taslamasy Owganystan üçin giň ykdysady mümkinçilikleri açýar. Hünärmenleriň baha bermegine görä, goňşy ýurt tebigy gazy üstaşyr geçirmegiň hasabyna ABŞ-nyň bir milliard dollaryndan gowrak girdeji alar. Bu bolsa infrastrukturany ösdürmegiň, täze iş orunlaryny döretmegiň, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şertine öwrüler.
TOPH giň gerimli energetika taslamasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň halklarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň, ynanyşmagyň, hoşniýetli goňşuçylygyň mäkäm köprüsi hem bolup durýar. Taslamanyň amala aşyrylmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň tutuş sebitiň durnukly ösmegini, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli syýasatynyň yzygiderliligini nobatdaky gezek tassyklaýar.
Ussa Ussaýew,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.