Makalalar

AŞGABAT — ALBUKERKE: doganlaşan şäherleriň gatnaşyklary ösdürilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/1260/original-160ad56f83b0c9.jpeg

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2021-nji ýylyň 25-nji maýyny Albukerke şäherinde şanly 140 ýyllygyny belleýän «Doganlaşan Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi mynasybetli “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi. Bu çärä ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimow gatnaşdy.

Çäräniň barşynda doganlaşan Aşgabat we Albukerke şäherleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça komitetiň başlygy Alana Makgratonyň hem-de bu komitetiň esaslandyryjysy we ilkinji ýolbaşçysy Salli Elis Tompsonyň türkmen paýtagtynyň şanly senesi mynasybetli wideogutlaglary diňlenildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilýän şu ýylda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Bu, ozaly bilen, Aşgabadyň dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň, myhmansöýerligiň we ynsanperwer ýörelgeleriň dabaralanýan paýtagty hökmünde giňden ykrar edilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle hem Albukerke şäheriniň häkimi Timoti M.Kelleriň karary esasynda yglan edilen «Doganlaşan Aşgabat şäheriniň gününiň» iki şäheriň arasyndaky ýakyn doganlyk gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Annageldi BÄŞIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.

Başga makalalar
169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.


16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.