Makalalar

Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden toýlanylýar

https://ussatnews.com/storage/posts/1268/original-160aff4c8c9d52.jpeg

Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden toýlanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem bu baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan dürli çäreler uly ruhubelentlige beslenýär.

Paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýdäki dürli döwürlerde dokalan ululy-kiçili halylaryň, eli çeper halyçylarymyzyň sünnäläp döreden sungat eserleriniň hersiniň özboluşly taryhy bar. Bular barada muzeýiň tejribeli hünärmenleri gyzykly gürrüň berýerler.

Ýurdumyzyň ähli ugurlardaky beýik ösüşleriniň haly gölli ýaşyl tugumyz bilen dünýä ýüzünde şöhratlanmagy, türkmen milli halyçylyk sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly kitaplarynyň halyçylyk sungatymyza bagyşlanmagy halkymyzyň zenanlara goýýan beýik mertebesiniň rowaçlanmagydyr.

Faruh AÝNAZAROW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.


169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

168c37ec2b1350.jpeg
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.


168c37463e56b7.jpeg
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär

Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.