Habarlar

“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözeligi” atly çäre geçirildi

https://ussatnews.com/storage/posts/12694/original-169fcdbb98954b.jpeg

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözeligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär. https://tebigatchy.co.tm/tm/news/ekologiya-abadancylygy-zeminin-gozeligi-atly-care-gecirildi-yfpm

Çäre ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny ýokarlandyrmak, tebigaty goramak, hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi terbiýelemek maksady bilen guraldy.

Ilki bilen, “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününiň ähmiýeti, tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamagyň wajyplygy hem-de häzirki döwürde ekologiýa diplomatiýasynyň orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen alyp barýan netijeli hyzmatdaşlygy, milli mirasymyzy hem-de tebigy baýlyklarymyzy gorap saklamak boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işler barada aýratyn nygtaldy.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan halkara konwensiýalara işjeň gatnaşmak bilen, “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek, çölleşmäge garşy göreşmek hem-de daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini kemala getirmek möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Wagyz-nesihat duşuşygy amaly işler bilen utgaşdyryldy. Talyplar institutyň çägindäki baglara ideg etmek, ýaşyl zolaklary abadanlaşdyrmak hem-de arassalamak boýunça işlere işjeň gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda aýratyn işjeňlik görkezen talyplar “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.

Guramaçylaryň bellemeklerine görä, şeýle çäreler ýaşlaryň daşky gurşawa bolan jogapkärçiligini artdyrmakda, ekologik diplomatiýanyň esaslaryny öwrenmekde hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Çärä gatnaşyjylar ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny goldamak ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Başga habarlar
169f9cdc59ebf4.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


169f84824718f5.jpeg
Ýaryşlar ussatlary saýlady

Paýtagtymyzdaky nebitgaz senagatynyň işgärleriniň ýaşaýyş toplumynda «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly sport hepdeligi geçirildi.


169e983c80480a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy.

169e98261e1241.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisindäki çykyşy.


169e87aaf1becb.jpeg
Awtoulaglara ýangyç guýujy täze beketler sürüjileriň hyzmatynda

Hormatly Prezidentimiz 10-njy aprelde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda iş sapary bilen bolanda, uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berdi.