Makalalar

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

https://ussatnews.com/storage/posts/13160/original-16a5535c50cbeb.jpeg

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.

Giň gerimli forum türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň dabaralanýandygyny aýdyň görkezdi. Çäräniň esasy maksady milli däp-dessurlarymyzyň baýlygyny, behişdi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny hem-de sungatyň güýji bilen Garaşsyz Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini şöhlelendirmekden ybarat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerinden ruhlanýan ähli ministrlikleriň, pudak edaralaryň hem-de kärhanalaryň hünärmenleri Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylamaga taýýarlyk görýärler.

Bu şanly senäniň Türkmenistanyň nebitgaz toplumy tarapyndan diňe bir ýokary önümçilik görkezijileri bilen däl, eýsem, uly döredijilik ruhy bilen hem garşy alynýandygyny buýsanç bilen bellemek isleýäris. Şu günler nebitçilerimiz, gazçylarymyz we geologlarymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny täze zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy maksat edinip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmäge mynasyp goşant goşýarlar.

Redaksiýamyzyň esasy wezipesi bu taryhy ähmiýetli wakalaryň jümmüşinde bolup, olary öz wagtynda giňden beýan etmekden ybaratdyr. Gazetimiziň döredijilik topary ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazanýan üstünliklerini dessin we hemmetaraplaýyn beýan etmek babatda giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýar. Bu üstünlikleriň beýany diňe bir gazetimiziň çap görnüşinde däl, eýsem, halkara sanly giňişlikde hem türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän elektron neşir arkaly giň okyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy halkymyzyň ruhubelentliginiň baýramydyr. Şu mynasybetli geçiriljek dabaralaryň medeni maksatnamasynyň taýýarlanylmagynda pudaklaýyn döredijilik merkezleri aýratyn möhüm orun eýeleýär. Häzirki günlerde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumy, «Türkmengaz» DK-nyň «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň Şatlyk şäherindäki Medeniýet köşgi uly yhlas bilen döredijilik işlerini alyp barýarlar.

Estrada aýdymçylarymyz, folklor we tans toparlarymyz, bagşy-sazandalarymyz Watanymyzyň şan-şöhratyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny hem-de dünýä meşhur ahalteke bedewleriniň gözelligini wasp edýän täze aýdym-saz eserlerini we konsert maksatnamalaryny taýýarlaýarlar. Olaryň döredijilik eserleri diňe bir nebitgaz pudagynyň işgärlerini däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli raýatlaryny täze üstünliklere, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.

Forumyň jemleýji pursady hökmünde meşhur estrada ussatlarynyň hem-de ähli gatnaşyjylaryň bilelikde ýerine ýetiren «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» aýdymy türkmen halkynyň jebisliginiň, agzybirliginiň we beýik maksatlara bolan ygrarlylygynyň kuwwatly senasy bolup ýaňlandy.

Ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn metbugatynyň wekilleri we medeniýet işgärleri üçin bu ýyl ylhamlara baý we ruhubelent döwürdir. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyny mynasyp garşylamak, ýurdumyzyň gazanýan beýik üstünliklerini giňden wagyz etmek ugrunda ähli bilimimizi, tejribämizi we döredijilikli işimizi gaýgyrman zähmet çekeris.

Ussa Ussaýew,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory .

Başga makalalar
16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.

169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.


169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.