Makalalar

Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

https://ussatnews.com/storage/posts/13058/original-16a3cdaa5c3281.jpeg

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan ykdysady syýasat ýangyç-energetika ulgamyny ösdürmegiň täze nusgasyny döretmäge gönükdirilendir. Onuň esasynda tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de innowasion we sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak ýörelgeleri durýar. Şeýle çemeleşme pudagyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ony dünýä energetikasynyň häzirki zaman wehimlerine uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň baý serişdeler kuwwaty, ozaly bilen, tebigy gazyň we nebitiň uly möçberdäki gorlary durnukly ykdysady ösüş üçin mäkäm esas döredýär. Kuwwatly çig mal binýadynyň bolmagy ýurdumyzyň içerki islegini doly kanagatlandyrýar hem-de ýokary eksport mümkinçiliklerini döredýär. Şonuň bilen birlikde, çig mal nusgasyndan uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemäge hem-de ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmäge esaslanan ykdysadyýetiň has çylşyrymly we netijeli gurluşyna geçmek döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrülýär.

Soňky ýyllarda ýangyç-energetika pudagynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Energiýa serişdelerini gazyp almak, ugratmak we gaýtadan işlemek ulgamlarynda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyryldy. Munuň özi önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, energiýa serişdeleriniň ýitgilerini azaltmaga hem-de ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu işde sanlylaşdyrmak uly orny eýeleýär, ol pudagyň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirýär hem-de has netijeli dolandyryş çözgütleriniň kabul edilmegine ýardam edýär.

Diwersifikasiýa ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Ol energiýa serişdelerini ulanmagyň ugurlaryny giňeltmek bilen birlikde täze eksport ugurlarynyň döredilmegini hem öz içine alýar. Energetika bazarlarynda global bäsdeşlik şertlerinde şeýle çemeleşme hyzmatdaşlaryň çäkli sanyna garaşlylygy azaltmaga hem-de ýurdumyzyň ykdysady durnuklylygyny berkitmäge mümkinçilik döredýär.

Şonuň bilen baglylykda, halkara infrastrukturaly taslamalaryň amala aşyrylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasy munuň aýdyň mysaly bolup, ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýär. Bu taslama sebitiň täze energetika giňişligini döretmegiň möhüm bölegidir hem-de diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem, sebitde durnuklylygyň we hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmek bilen, geosyýasy ähmiýete eýe bolup durýar.

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen badalga berlen «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan TOPH taslamasynyň Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşyk işleri taslamany iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhüm tapgyryna öwrüldi. Uzynlygy 153 kilometre deň bolan gaz geçirijiniň gurluşyk meýdançalarynda türkmen hünärmenleriniň — inženerleriň, gazçylaryň, kebşirleýjileriň we gurluşykçylaryň 700-e golaýy işleýär. Desgalarda döwrebap gurluşyk we ýöriteleşdirilen tehnikalaryň 250-den gowragy ulanylýar. Taslamanyň amala aşyrylmagy türkmen gazyny Günorta Aziýanyň bazarlaryna eksport etmek üçin täze mümkinçilikleri açýar, ugurdaş pudaklary ösdürmäge we iş orunlaryny döretmäge ýardam edýär.

Halkara energetika hyzmatdaşlygy ösdürmek ähmiýetli ugurlaryň ýene biri bolup durýar. Türkmenistan döwletleriň birnäçesi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär, şol döwletleriň hatarynda Hytaý Halk Respublikasy aýratyn orun eýeleýär. “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek hem-de gaz geçiriji düzümi ösdürmek boýunça taslamalaryň bilelikde amala aşyrylmagy taraplaryň özara gatnaşyklarynyň we özara bähbitleriniň uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. Bu hyzmatdaşlyk maýa goýumlaryny çekmäge, tehnologiýalary alyşmaga hem-de ýurduň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam edýär.

Ekologiýa howpsuzlygy häzirki zaman energetika syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Ösüşiň durnukly nusgalaryna ählumumy geçmegiň şertlerinde Türkmenistan daşky gurşawy goramagyň meselelerine uly üns berýär. Pudakda zyňyndylary azaltmaga, energiýa netijeliligini artdyrmaga we tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga gönükdirilen öňdebaryjy ekologiýa standartlary ornaşdyrylýar. Bu bolsa ykdysady ösüşiň we ekologiýa jogapkärçiliginiň arasynda deňagramlylygy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň mümkinçilikleri geljekde täze gaz känlerini özleşdirmek, gaýtadan işleýän senagaty giňeltmek hem-de sanlylaşdyrmagy çuňlaşdyrmak bilen baglydyr. Şol bir wagtda eksport ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdiriler. Bu ugurlaryň toplumlaýyn amala aşyrylmagy pudagyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we dünýäniň energetika bazarynda ýurdumyzyň ornuny berkitmek üçin şert döreder.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna gadam basýar. Strategik başlangyçlaryň yzygiderli amala aşyrylmagy döwrebap, tehnologik we durnukly energetika ulgamyň döredilmegini üpjün edýär, ol bolsa, diňe ykdysady ösüşiň esasy sütüni bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitde durnukly we halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýar.

Ussa Ussaýew,

«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory .

Başga makalalar
16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.


16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.