Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy. Foruma hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen ýurdumyza ilkinji gezek resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahatda çykyş edip, nebitgaz pudagynda Malaýziýa bilen otuz ýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda netijeli işleriň durmuşa geçirilendigini, durnukly, uzak möhletli we özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Petronas» kompaniýasynyň ýurdumyzda işlän ýyllarynyň dowamynda pudaga
12 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde maýa goýumyny goýup, nebitgaz toplumyny ösdürmäge uly goşant goşandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, bilelikdäki işleriň netijesinde giň gerimli önümçilik we düzümleýin binýat döredilip, ol önüm çykarmagyň durnukly ösüşini we ýataklaryň özleşdirilmegini üpjün etdi.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda deňiz platformalary guruldy, gözleg, baha beriş we ulanyş guýularynyň onlarçasy burawlandy, şeýle hem gaz düzüminiň möhüm desgalary, şol sanda gaz taýýarlaýan zawod, kenar gaz terminaly we deňiz gurnamalaryny ýygnaýan desga guruldy. Bilelikdäki tagallalar bilen ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy: 44 milliard kub metrden gowrak gaz, 16 million tonna suwuk uglewodorod çykaryldy, bu ýurdumyzyň energetika kuwwatyny ösdürmäge möhüm goşant boldy.
Amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde uglewodorod serişdeleriniň uly gorlary açyldy. Häzirki wagtda «Magtymguly», «Diýarbekir», «Garagöl deňiz» ýaly ýataklaryň özleşdirilmegi dowam edýär. Ýakyn wagtda «Öwez», «Maşrykow» ýataklaryny hem senagat taýdan özleşdirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda hyzmatdaşlygyň ösüşiniň Hazar deňziniň türkmen böleginde täze deňiz ýataklarynyň özleşdirilmegi bilen baglydygyny belledi. Bu ýerde gürrüň 19-njy we 20-nji deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça bilelikdäki işlere başlamak, birnäçe deňiz toplumlarynda
2D seýsmiki işlere girişmek dogrusynda barýar. Munuň özi çig malyň çykarylmagyny artdyrmak, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýurduň energetika howpsuzlygyny berkitmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim öz çykyşynda «Petronas» kompaniýasy bilen Türkmenistanyň arasynda 1996-njy ýyldan gözbaş alýan hyzmatdaşlygyň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy we strategik taýdan öňdengörüjiligi neijesinde häzirki döwürde ýokary derejä göterilendigini belledi. Malaýziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara abraýyna ýokary baha berdi hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň 2024-nji ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm tapgyr bolandygyny we bilelikdäki taslamalary ilerletmäge goşmaça itergi berendigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri türkmen-malaý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Sergide daşary ýurtlaryň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň pawilýonlary bilen tanyşdyryldy. Sergi Türkmenistanyň energetika pudagyndaky özgerişleri hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmäge gönükdirilen syýasatynyň netijesinde durmuşa geçirilýän halkara hyzmatdaşlygynyň miwelerini şöhlelendirdi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Olaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserni we «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» hem-de «Hazarnebit» döwlet kärhanasynyň arasynda önümi paýlaşmak hakynda Şertnama; «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda 2D seýsmiki işleri geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Petronas Çarigali International Ventures Sdn. Bhd.» kompaniýasynyň arasynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistanyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyk bar.
Halkara forumda çykyş eden nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary, döwlet edaralarynyň, halkara energetika kompaniýalarynyň wekilleri we pudaklaýyn bilermenler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmäge hem-de uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýan «Petronas» kompaniýasy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän işleriň möhüm ähmiýetini bellediler.
Aşgabatda geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady hem-de taraplaryň nebitgaz pudagynda özara gatnaşyklary has-da berkitmäge, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga we energetika pudagyny durnukly ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardyklaryny aýdyň görkezdi.
Ussa Ussaýew,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory .
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.