Täsin Hazar döwlet goraghanasy
Hazar döwlet goraghananyň haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüliginiň 10 göterimden gowragy seýrek duş gelýän we ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlara degişlidir. Şoňa görä olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.
Olaryň arasynda balyklaryň 2, süýrenijileriň 5, guşlaryň 31, süýdemdirijileriň 7 görnüşi bar. Bu aýratynlyklaryň ählisi goraghananyň ylmy bölüminiň köp ýyllaryň dowamynda geçiren barlaglary netijesinde ýüze çykaryldy. Goraghananyň we Hazar deňziniň günorta-gündogar kenarynyň galtaşýan ýeriniň haýwanlar hem ösümlik dünýäsi öwrenildi.
Goraghananyň baý tebigat Muzeýi 1986-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Onuň 4 sany giň zallarynda goraghananyň kartasy, haýwanat dünýäsiniň biologik dürlüliginiň ekspozisiýasy, Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň nyşanlarynyň biri, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň simwoliki şekili ýerleşýär. Mundan başga-da bu ýerde haýwanat we ösümlik dünýäsiniň şekilleri ýerleşdirilen, olaryň içinde guşlaryň, süýdemdirijileriň, balyklaryň, mör-möjekleriň garantgylary hakykylygy we çeperçiligi bilen tapawutlanýar.
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň möhüm wezipeleriniň biri hormatly Prezidentimiziň tebigaty goramak baradaky syýasatyny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Bu ýerde Milli Liderimiziň daşky gurşawy goramak, Hazar deňziniň ekologiýasyny aýawly saklamak babatda uly işler alyp barylýa.
Merdanmuhammet DURDYMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň mugallymy.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.