TNGIZT täze görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 20, 25, 30 mikrometr galyňlykdaky gaplama örtüklere goşmaça polipropilen örtüginiň ak sadap görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Polipropilen örtüginiň bu görnüşi süýji önümleri gaplamakda we sowgatlyk önümleriň daşyny örtmekde giňden ulanylýar.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda şeýle görnüşdäki önümleriň her ýylda 2 müň tonnasyny öndürmek göz öňünde tutulýar. Ol içerki we daşarky bazarlara ugradylar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işjeň peýdalanylýan Polipropilen örtükleriniň täze görnüşlerine ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.