Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi. Aşgabat şäherinden we welaýatlardan gelen mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda geçen bu çäre fortepiano sungatynda täze gözleglere badalga berdi.
Maslahatyň açylyşynda kafedranyň dosenti O. S. Annamyradowa çykyş edip, bu ugruň wajyplygyna ünsi çekdi we diňleýjileri gyzykly ylmy gezelenje ugrukdyrdy.
Kafedranyň professor-mugallymlar düzüminiň taýýarlan çykyşlary saz guralynda çalmagyň inçe tärlerini we häzirki zaman pedagogikasynyň iň täze usullaryny açyp görkezdi. Uly mugallym I. W. Koçkarýowa öz çykyşynda fortepiano ýerine ýetirijiliginiň esasy meseleleriniň biri bolan pedalyň syrlary barada gürrüň berdi. Ol sazandalyk kämilliginiň pedal bilen gös-göni baglylygyny we pedal üstünde işlemegiň aýratynlyklaryny düşündirdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti, uly mugallym W. S. Mkrtumow bolsa K. Çerniniň etýudlaryna täzeçe garaýyş hödürläp, olardaky ýerine ýetirijilik ussatlygyny ösdürmek meselelerini orta goýdy.
Kafedra müdiri, uly mugallym M. N. Orazowanyň çykyşy aýratyn gyzykly boldy. Ol ynsanyň fiziologiki gurluşynyň erkin saz çalmak ukyby bilen baglanyşygyny seljerip, barmaklaryň klawiaturadaky hereket erkinliginiň ylmy esaslaryny görkezdi. Uly mugallym E. G. Nuryýewa bolsa poliritmiýany özleşdirmegiň çylşyrymlylygyny ýeňip geçmegiň usullaryny paýlaşyp, eşidiş şablonlarynyň we sözleýiş formulalarynyň bu ugurdaky ähmiýetini beýan etdi.
Şeýle hem çäräniň dowamynda kafedranyň mugallymlary B. S. Muhammedowanyň we A. A. Atajanowanyň çykyşlary diňlenildi.
Bu ýygnanyşyk diňe bir paýtagtymyzyň däl, eýsem ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen tejribeli we zehinli hünärmenleriň hem başyny bir ýere jemledi. Olaryň hatarynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebinden N. F. Pälwanowa, Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinden D. Abdullaýew, Lebap welaýatynyň sungat mekdebinden D. M. Awanesowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinden Ş. H. Allabaýewa, Arkadag şäherindäki Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebinden A. Ýazpoladowa hem-de Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebinden S. Mämmedow ýaly hünärmenler bar. Maslahata çykyşlary bilen gatnaşan bu myhmanlar ýurdumyzda sazanda-ýerine ýetirijileri terbiýelemekde, sahnadaky tolgunmany ýeňip geçmekde we okuwçylaryň tehniki başarnyklaryny ösdürmekde öz tejribeleri hem-de täzeçe çemeleşmeleri bilen bölüşdiler.
Bu okuw-usuly çäre diňe bir hünär tejribesini alyşmak meýdançasy bolman, eýsem geljekki ussat pianistleriň kemala gelmegine, türkmen fortepiano mekdebiniň has-da kämilleşmegine goşant goşjak uly ädim boldy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bolsa özüniň baý däplerini dowam etdirip, innowasion usullaryň ojagy bolup galýar.
Enejan Nuryýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.
“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.