Makalalar

Tomusky dynç alyş günleri çagalaryň hakydasynda täsirli we ýatdan çykmajak waka bolup galar

https://ussatnews.com/storage/posts/1460/original-160ddfb4f17fe7.jpeg

Aşgabadyň etegindäki gözel Gökdere jülgesinde ýerleşýen çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş günleri gyzykly wakalara, täze dostlar bilen şatlykly duşuşyklara baý bolýar.

Misli ertekilerdäki köşkler ýaly dag jülgesi bilen ajaýyp sazlaşan çagalar şäherjiklerinde çagalaryň göwnejaý dynç almagy, wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Olar ähli amatlykly ýatylýan hem-de kompýuter otaglary, kitaphanalary, aýdym-saz, el işleriniň we çeper senediň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin gurnaklary bolan medeni merkezlerdir. Bu ýerde tennis kortlary, futbol, basketbol we woleýbol oýnamak üçin sport meýdançalary, ýüzülýän howuzlar, akwaparklar, konsertleri we beýleki medeni çäreleri geçirmek üçin amfiteatrlar hem bar.

Çagalar üçin baý mazmunly medeni-sport maksatnamasyna laýyklykda bu ýerde biri gyzykly güýmenjesini dowam etse, beýleki biri göwnüniň söýen peýdaly we täsirli täze güýmenjäni tapýar. Dynç alýanlaryň her biri sport bilen dostlaşyp, gyzykly ýaryşlara we bäsleşiklere gatnaşýar, gözýetimini giňeldip, ukyp-başarnygyny ösdüriýär. Mahlasy, bu bagtly çagalygyň hakyky, dürli öwüşginli we gyzykly dünýäsidir.

Şu tomus paslynda «Şöhle», «Nebitçi», «Nesil», «Çeşme» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde işlemek üçin ökde mugallymlar we terbiýeçiler, lukmanlar we aşpezler saýlanyp alyndy.

Şeýlelikde, tomusky dynç alyş günleri çagalaryň hakydasynda täsirli we ýatdan çykmajak waka bolup galar.

Merdanmuhammet DURDYMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.

Başga makalalar
16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.

16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.