USSA (Iňlis tymsaly)

16:16 02.07.2021

https://ussatnews.com/storage/posts/1466/original-160def5a197689.jpeg

Londonyň etegindäki obalaryň birinde ýaşaýan, ýylyň dowamynda meýdandan bärik gelmeýän daýhan Jeýmsiň günleriň birinde iň ýakyn kömekçisi — traktory işlemän duruberipdir. Özüniň-ä bir başy çykanok, goňşy-golamlarynyňam ondan gowulygy ýok. Garaz Jeýmsiň ussa çagyraýmakdan başga alajy galmandyr.

Ussa kän garaşdyrman gelipdir. Ol traktoryň eýlesine-beýlesine geçip, hereketlendirijisini diňläp, bir zatlary anyklaşdyrypdyr. Ahyrynam ol hereketlendirijiniň bir ýerine bellik edipdir. Soňam goştorbasyndan çekiç çykaryp, bellik eden ýerine urup goýberipdir welin, traktor ala-goh turzup işläp gidiberipdir. Traktorynyň hiç zat bolmadyk ýaly işläp durşuny görüp, daýhandyr goňşulary haýran galmakdan ýaňa başlaryny ýaýkaşypdyrlar.

Ussa işini boldum edip, hasap kagyzyny uzadanda, daýhanyň gözleri hanasyndan çykara gelipdir.

— O nähili? Ýeke gezek çekiç uranyň üçin ýüz dollar bermelimi saňa?

— Ol-a gaty gala bolýa — diýşip, töwerekdäkilerem daýhany goldapdyrlar. — Gadyrdan — diýip, ussa daýhana ýüzlenipdir.

— Çekiç uranym üçin men bary-ýogy bir dollar hasapladym. Galan togsan dokuz dollary men çekiji gerek ýerinden urmaga mümkinçilik berýän bilimim üçin alýaryn. — Biraz durubam sözüniň üstüni ýetiripdir. — Onsoňam, men seniň wagtyňy hem tygşytlap berdim. Başga bir ussa bolanlygynda, traktoryňy söküp, seni azyndan bir gün-ä işden goýardy. Has köpräk wagtyňy gidermeli bolmagyňam mümkindi. Meniň çekijimiň «bir dollarlyk» hyzmatynyň netijesinde sen edil häzir işe başlap bilýäň. A meniň şeýle ussatlygy öwrenmek üçin näçe wagtymy giderenimi bilseň, ulurak töleg sorasamam bererdiň.

Töwerekdäkilerem aýdylanlary makullap duransoňlar, Jeýmsiň ussa bilen ylalaşmakdan başga ýoly galmandyr.

Rus dilinden terjime eden Annamyrat EÝEBERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.

Başga makalalar
160054224e996b.jpeg
ALTYN ŞUGLALY ÝYLDYZ

Beh, bu günleriň täsinligini diýseňizläň! Bir günüň buşlиgупуň ýakymyny kalbyňa doly siňdirip ýetişmänkäň, ertirki gün täze bir buşluk bagyşlaýar.


15f8fe03f4769e.jpeg
Ýeralma — saçaklaryň berekedine öwrülýär

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň oba hojalyk işgärleri ilatyň gök-bakja we miweli önümleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakda hem-de olaryň hilini gowulandyrmakda, ak bazarlarda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde tutanýerli işleri alyp barýarlar.


1600e68c3c2701.jpeg
EZIZOWDAN PYRAGA ÇENLI

...Bu setirleriň ýazylmagyna irden işe gitmek üçin münen ýolagçy awtobusymdaky waka sebäp boldy. Ir säheriň ümri gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak şähere gonak bolupdy: köçelerdir binalar, daragtlardyr ýan ýodalar... ýukajyk çal ýapynja ýapynypdy.


160e69ce8538f0.jpeg
Öýleriň bezegi «AÝBÖLEK»

Oňyn özgertmeleriň giň gerimleýin а таl edilýän ajaýyp zamanasynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda işewürleriniň işleriniň ilerlemegine döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär.


15fef00ce9b786.jpeg
TÄZE ÝYL GIJESI (NOWELLA)

Ertir Nartäç daýza ýegeni Begmyratlara myhmançylyga gelýärmiş. Ejesi Begmyrada bu gün ähli işini goýup, özi bilen bazara gitmelidigini, hatda daýzasyna hemem onuň gyzlaryna sowgadam saýlap almalydygyny aýtdy.