DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNA TAÝÝARLYK

16:10 29.10.2020

https://ussatnews.com/storage/posts/153/original-15f9aa4e015383.jpeg

Mundan üç ýyl ozal Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziý oýunlarynyň iň tomaşaly, iň gyzykly görnüşleriniň biri, gürrüňsiz, welotrek boýunça ýaryşlar boldy. Türkmenistanda welotrek boýunça geçirilen ilkinji halkara ýaryş sport janköýerlerini köp babatda özüne çekdi. Sportuň bu görnüşiniň dünýä belli ýyldyzlarynyň çykyşyna tomaşa etmek, türkmen türgenleriniň olarbilen egin-egne berip, ýaryşy deňderejede alyp barşy ýaly ýakymly görnüşler tomaşaçylaryň gözünde hemişelik galdy. 

Ýene bir ýyldan türkmenistanly sport janköýerleri bu ýakymly görnüşler bilen ikinji ýola ýüzbe-ýüz bolup bilerler. Özi-de indi köpugurly ýaryşlaryň çägindäki welosport şüweleňi däl-de, tutuş dünýä çempionaty garaşýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň güýzünde Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sportunyň hem ösdürilýändigini ýene bir ýola nygtamak gerek. Häzirki wagtda Türkmenistanda welosport bilen türgenleriň bir topary däl-de, müňlerçe adam meşgullanýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Çünki ýygy-ýygydan geçirilýän köpçülikleýin welosipedli ýörişlere her gezek ildeşlerimi- ziň müňlerçesi uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Her gezek ep-esli menzil sökülip, tutuş jemgyýetiň sagdynlygy bilen bagly ägirt uly çäre ýokary derejede geçirilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýä welosportunyň taryhynda aýratyn yz goýandygyny hem guwanç bilen ýatlamak gerek. Çünki Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy hut Türkmenistanyň teklibi bilen her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Eýýäm Ýer ýüzünde bu şanly sene üç gezek uly baýramçylyk dabaralaryna beslendi. Ýurdumyz welosport bilen köpçülikleýin meşgullanmak babatdaky dünýä rekordlarynyň hem birnäçesini goýdy. Diňe şu zatlary ýatlamagyň özi hem Welosipedçileriň halkara bileleşiginiň 2021-nji ýyldaky dünýä çempionatyny Türkmenistana ynanmagynyň asyl sebäbine göz ýetirmek üçin ýeterlik.

Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, milli Liderimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýä çempionaty — 2021- iň guramaçylyk komitetiniň düzümi döredildi we tassyklanyldy. Komitetiň mejlisinde bolsa dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça wajyp wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mälim bolşy ýaly, Welotrek boýunça ilkinji dünýä çempionaty mundan 127 ýyl ozal — 1893-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Çikago şäherinde geçirilipdir. Ony Halkara welosport birleşigi (ICA) gurapdyr.

127 ýyllyk taryhda çempionat biziň yklymymyzda — Aziýada ilkinji gezek 1990-njy ýylda düşledi. Şondan 17 ýyl soňra bolsa dünýä çempionatyny geçirmek hukugyna Gonkong mynasyp boldy. Nesip bolsa, biziň merjen paýtagtymyz Aşgabat bu çempionaty yklymda üçünji, Merkezi Aziýada bolsa ilkinji bolup geçiren şäher bolar.

Soňky 10 ýylyň içinde ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň ençemesi geçirildi. Olaryň arasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly has iri ýaryşlar hem bar. Eger Ýer ýüzünde şu ýyl koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykmadyk bolsa, merjen şäherimiz Aşgabatda diňe 2020-nji ýylda üç sany iri halkara ýaryşyň geçirilmegine garaşylýardy. Olaryň biri dünýä çempionaty (sambo) bolsa, biri dünýä çempionatynyň bir tapgyry (tennis), üçünjisi bolsa Aziýa kubogydy (futzal). Ýöne dünýäde ynsan saglygyndan gymmatly zat ýok. Türkmenistanda şu ýyl halkara ýaryşlary meýilleşdiren guramalar ýakyn ýyllardaky ýaryşlar üçin iň mynasyp dalaşgärleriň hatarynda ýene-de Aşgabady görkezýärler. Hatda Sambo boýunça halkara federasiýasy 2021-nji ýyldaky dünýä çempionatyny Moskwa şäherinde geçirensoň, 2022-nji ýyldaky çempionat üçin ýene-de Aşgabat şäherini saýlap aldy. Çempionat taraplaryň özara ylalaşygyndan soňra resmileşdiriler.

Türkmen paýtagtyndaky täze halkara ýaryşlar babatyndaky ilkinji ädimi UCI — Welosipedçileriň halkara bileleşigi ätdi. Ylalaşygyň, dostlugyň we sportuň şäheri Aşgabat ýene bir ýyla golaý wagtdan Welotrek boýunça dünýä çempionatyny kabul etmäge taýýarlyk görýär. Aý-günleriň kerweni bilen, bir ýyl diýeniň göz açyp-ýumasy salymda geçýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýyly Aşgabady ýene bir gezek sagdynlygyň we ruhubelentligiň, sportuň şäheri hökmünde dünýä çykarar.

Agageldi ITALMAZOW. «Türkmenistan».
Başga makalalar
15f8fe03f4769e.jpeg
Ýeralma — saçaklaryň berekedine öwrülýär

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň oba hojalyk işgärleri ilatyň gök-bakja we miweli önümleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakda hem-de olaryň hilini gowulandyrmakda, ak bazarlarda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde tutanýerli işleri alyp barýarlar.


161f78449f045c.jpeg
ÇAY — JANA ŞYPA

Çaý — gymmatly içgi. Ol bedene kuwwat, seriňe tämizlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda çaýyň düzümi, onuň ynsan bedeni üçin gymmatly ýokumlara baýlysy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Mundan başga-da, kitapda çaýy nähili dogry içmelidigi, onuň gadaganlyklary hakynda şeýle maglumatlar getirilýär:


1618a3708c666b.jpeg
IKI ASYRYŇ ŞAÝADY

Uzak ýaşly mähir-muhabbetiň, päkligiň hem ýagşylygyň janly nusgasyny ýüzüňize sylaýyn diýseňiz, gadymy Maru-şahu jahan topragynyň göze! tebigatly Murgap derýasyny etekläp oturan Şordepe obasyna myhman bolup geliň! Elbetde, dünýäde uzak ýaşly ynsanlar ähli adamlaryň ünsüni özünde egleýär. Şeýlekin ynsan biziň obamyzda-da bar.


161fb6fb41cb51.jpeg
AMATLY WE ÝOKARY HILLI

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy ýokary hilli önümleri sözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bugün şeýle önümle rhut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby atyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary.


160def5a197689.jpeg
USSA (Iňlis tymsaly)

Londonyň etegindäki obalaryň birinde ýaşaýan, ýylyň dowamynda meýdandan bärik gelmeýän daýhan Jeýmsiň günleriň birinde iň ýakyn kömekçisi — traktory işlemän duruberipdir. Özüniň-ä bir başy çykanok, goňşy-golamlarynyňam ondan gowulygy ýok. Garaz Jeýmsiň ussa çagyraýmakdan başga alajy galmandyr.