Makalalar

Göwün päkliginiň Gurban baýramy

https://ussatnews.com/storage/posts/1565/original-160f53b467e161.jpeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň 20-21-22-nji iýulynda halkymyz Gurban baýramyny agzybirlikde, ruhubelentlikde beller. Gurbanlyk bagtyýar halkyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýar. Şeýle-de Gurban baýramy adamlaryň ýüreginde birek-birege mähremlige, dost-doganlyga bolan duýgyny berkidýär.

Gurbanlyk günleri gurbanlyk kesip, aýat-töwir okamak parzdyr. Gurbanlyk kesmek Gurban baýramynyň birinji güni Baýram namazy okalandan soň başlanyp, üçünji günüň agşamyna çenli dowam edýär. Şeýle-de, gurbanlykda soýuljak mal sagdyn, semiz we gurat bolmalydyr. Düzgün boýunça gurbanlyk malyň eti deň üç bölege bölünmeli. Bu bölekleriň biri gurbanlyk berýäniň maşgalasyna, bir bölegi dogan-garyndaşa, galan bir bölegi bolsa gurbanlyk kesip bilmediklere paýlanmaly.

Rowaýatda, yslam çeşmelerinde gurbanlyk bermek dessurynyň Adam atadan bäri berjaý edilip gelinýändigi barada aýdylýar. Gurban baýramy Allanyň ynsanlara nygmat eçilen güni hasaplanypdyr.

«Gurbanlyk» sözi, aslynda, «ýakynlaşmak, ýakyn bolmak» diýen manyny aňladýar. Ata-babalarymyz Gurban baýramynda edilen arzuw-islegleriň, ýürege düwlen päk niýetleriň hasyl bolýandygyny aýdar ekenler. Bu baýramyň öň ýanynda öýke-kineli adamlar ýaraşypdyrlar. Gurban baýramynyň daň säherinde ýerine ýetirilmeli parzlaryň biri hem, «Gurban şor» edinmekdir. Bu baýramyň ýylyň haýsy paslyna gabat gelýändigine seretmezden, bu parzy ýerine ýetirmek her bir musulman ymmatynyň borjy hasaplanýar.

Bu baýramda täze egin-eşikleriňi geýnip, özüňe, öý-içeriňe serenjam berilýär. Gadym döwürlerde her maşgala agzasy üçin birlaý täze lybas tikinmäge gurby çatmadyk öýlerde egin-eşigiň bagjyk, iňňebagjyk, gülýaka, tahýa, ýaglyk ýaly, birlän-ikilän görnüşini täzeläp, beýlekilerini tämizläp geýmek hem göwnemakul hasaplanypdyr.

Döwürleriň özgerýändigine we ýaşaýyş-durmuşymyza täze ösüşleriň ornaşýandygyna garamazdan, halkymyzyň öňden dowam edip gelýän, jemgyýete bähbitli däp-dessurlary ýatdan çykarylmaýar. Bagtyýar döwrümizde guşgursak dänäniň unundan bişirilen gatlama, ýagly petir, çelpek, maýaly petir, pişme, owmaç, mesge-petir ýaly dürli nygmatlary toý märekesine eçilýärler. Palaw, dograma, ýarma, çekdirme, gowurma ýaly milli tagamlar bilen hezzetleýärler.

Çaga terbiýesinde milli baýramçylyklaryň hem ähmiýeti uludyr. Zähmetsöýerlik, birsözlülik, wepalylyk, adamkärçilik, päklik ýaly milli häsiýetleriň gymmaty uludyr. Ulyny uly ýerinde, kiçini kiçi ýerinde sylamagy, hormat goýmagy nesihat eden ata-babalarymyz halkymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň binýadyny pugtalandyrypdyrlar.

Hormatly Prezidentimiz nesilleriň ruhy terbiýesiniň we köňül tämizliginiň gönezligi bolan milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, olary döwrebap ösüşe ýugrup, durmuşa ornaşdyrmak üçin uly aladalar edýär. Ynha, uly arzuw-umytlar bilen garşylap, ýagşy dilegler bilen bellenilýän Gurban baýramy agzybir halkymyzyň milli däp-dessurlary täze röwüşde dabaralandyrylýar. Toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelýän bagtyýarlyk döwründe garşylaýan Gurban baýramyňyz gutly-mübärek bolsun, doga-dilegleriňiz kabul bolsun, mähriban ildeşler!

Ýazgül ANNAÝEWA,

USSAT NEWS.

Ussat news

Başga makalalar
16a5535c50cbeb.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.


16a3cdaa5c3281.jpeg
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.


16a390c290facd.jpeg
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler

19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.

16a26f5f6da69f.jpeg
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.


169e5f1af28ddf.jpeg
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.