Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi
Şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilýär. Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde, ýitgisiz ýygnap almak merdana daýhanlarymyzyň esasy wezipesi bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 8-nji sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.
Şu günler ýurdumyzyň welaýatlarynda pagta ýygymyna guramaçylykly girişilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Ýetişdirilen “ak altyn” hasylyny öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almak hem-de ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek maksady bilen, şu ýylyň pagta ýygymy möwsüminde ýurdumyz boýunça pagta arassalaýjy kärhanalarda hem-de pagta kabul ediş harmanhanalarynda hasyly bökdençsiz kabul etmek üçin hemme şertler döredildi. Şeýle hem bu möwsümde pagta ýygýan kombaýnlar hem-de ýygnalan hasyly daşamak üçin ýük awtoulaglary, traktorlar we traktor tirkegleri netijeli ulanylar.
Pagta ýygymy möwsüminde kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek maksady bilen, etraplarda abatlaýjy mehaniklerden ybarat bolan ýörite toparlar döredilip, olar zerur bolan enjamlar we tehnikalar bilen üpjün edilýär.
Döwlet Baştutanymyz eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabara bilen bellenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem edermen pagtaçylarymyzyň milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna hem-de belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Merdanmuhammet Durdymyradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.