Bathyz döwlet tebigy goraghanasy barha baýlaşýar
Bathyz döwlet tebigy goraghanasy özüniň täsin haýwanat dünýäsi bilenem aýratyn tapawutlanýar. Goraghananyň çäklerinde ýaşaýan gulanlar, Ýeroýulanduz çöketliginiň bol ot-çöpli giňişliginde, Gyzyljaryň kert gaýalarynda gyşyn-ýazyn mesgen tutunyp ýaşaýan dag goçlary, keýikler, hemişelik ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn myhman bolýan guşlar, süýdemdirijiler, oňurgasyz jandarlar bu täsin künjege tebigatyň eçilen esasy baýlygy hasaplanylýar.
Bu ýerde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn düşläp, uçup gidýän guşlaryň iki ýüz elli ýedi görnüşi goraghananyň işgärleri tarapyndan hasaba alnypdyr. Bathyzdaky ösümlikleriň, guşlaryň, dürli jandarlaryň onlarça görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şol ösümlikler, janly-jandarlar goraghananyň işgärleri tarapyndan goralýar hem-de olar ylmy esasda öwrenilýär. Şonuň netijesinde goraghananyň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi barha baýlaşýar.
Taýýarlan Allanur ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.