Ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Mähriban Arkadagymyzyň “Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” diýen parasatly şygary barha belentden ýaňlanyp, 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamynda üstünliklere, öňegidişliklere bat hem-de itergi berýär.
Mundan otuz ýyl owal özbaşdaklygyny jar eden we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan Türkmenistan häzirki günlerde şan-şöhrata beslenýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzyň köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenmegi, adamzadyň ýagty geljegine ýetmek ugrunda ynsanperwer başlangyçlaryň, parahatsöýüjilikli syýasatlaryň döreýän mekanyna öwrülmegi ýürekleri joşdurýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly: «Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy». Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna beren ýene bir uly bagty — halal zähmetiň hözirini görüp, erkana ýaşamaga we dynç almaga bolan mizemez raýatlyk hukugydyr.
Ýurdumyzda barha uly depgin bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, döwletimiziň içerki we daşarky syýasatynyň düýp esasyny düzýän demokratiýa hem-de adalatlylyk ýörelgelerimiz her bir türkmenistanlynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan Garaşsyz ýurdumyzyň ähli sebitlerini ösdürmek, iň çetki künjeklerinde-de halkyň abadan ýaşaýşy üçin zerur bolan mümkinçilikleri döretmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty has-da rowaçlanýar. Ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde, etrapdyr şäherlerinde gurlup, ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary, dürli edara-kärhanalaryň binalary, täze zawod-fabrikler hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň esasynda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyndaky 30 ýyllyk ýolunyň dowamynda durmuşa geçirilen uly işler türkmen döwletiniň mundan soňra-da has uly öňegidişlikler gazanyp, belent sepgitlere ýetjekdigine mizemez ynamymyzy berkidýär. Dünýä ýüzünde parahatçylyga, dostluga, agzybirlige çagyrýan Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýy mundan beýlegem belent derejelere ýetsin! Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasaty dowamat dowam bolsun!
Ybraýym GURBANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.