Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbi tutuldy
Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ähli döwürlerde hem halkymyzyň wepaly syrdaşy, şöhratly taryhynyň bezegi bolup geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz atçylygyň nesil dowamyny ösdürmäge hem-de halkara derejedäki ugurdaş pudaga goşulyşmagyna, degişli düzümiň kemala getirilmegine aýratyn üns berýär. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2-nji oktýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň şu künjeginde bolup, degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary bermeginden hem göz ýetirmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, bu desgany gurmak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak “Nur bina gurluşyk” hususy kärhanasyna ynanyldy. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi ony buýrujy bolup çykyş edýär. Taslama laýyklykda, athanany gurmaga 15,4 gektar meýdan bölünip berildi. Giň çäklerde desgalaryň birnäçesi, şol sanda dolandyryş binasy ýerleşdiriler. Täze toplumyň wezipesi atçylygy mundan beýläk-de ösdürmekden, arassa ganly bedewleriň sanyny artdyrmakdan, tohum häsiýetlerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.
Bedewleriň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin hemme zerur enjamlar we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinar desgasy gurlar. Onda dürli bejeriş bölümleri, şol sanda atlary gözden geçirmäge niýetlenen bölümler ýerleşdiriler. Toplumyň hojalyk bölümine her biri höwür atlaryň 60-sy üçin niýetlenen athanalaryň 2-si, mallaryň 80-sine niýetlenen athanalaryň 6-sy, 8 sany bassyrma hem-de birnäçe kömekçi desgalar girer. Athanalarda oňaýly howa ýagdaýy we adaty howa çalşygy saklanar, bedewleri köpeltmek, gezdirmek, türgenleşdirmek hem-de çapyşyklara taýýarlamak, çapyksuwarlaryň we seýisleriň netijeli işlemegi üçin hemme şertler dörediler.
Athanada saklanyljak bedewleri iým bilen üpjün etmek maksady bilen, üsti ýapyk ammaryň we iki açyk ammaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Taslama laýyklykda, toplumyň durmuş üpjünçiligi inženerçilik-tehniki düzümleri özünde jemleýär. Mundan başga-da, iş tehnikalary we ulag serişdeleri üçin awtoduralgalaryň ikisini, birnäçe tehniki binalary gurmak meýilleşdirilýär. Toplumyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga büreler.
Athananyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygy ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli, ekologik taýdan howpsuz gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy esasynda amala aşyrylar. Şeýlelikde, bina ediljek döwrebap athana dünýä ylmynyň we tehnikasynyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylyp, wagtyň geçmegi bilen, onuň atşynaslygyň iň abraýly ylmy-barlag merkezleriniň birine öwrülmegi göz öňünde tutulýar.
Arassa dag howasy hem-de mähriban topragymyzyň bu künjeginiň tebigy-howa aýratynlyklary giň ýaýla atlary we taýlary saklamaga oňaýly gurşawy döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, behişdi atlara ideg etmek, olary türgenleşdirmek, sport taýýarlygy boýunça işler gadymy milli däplerimiziň esasynda hem-de häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribeleri göz öňünde tutulyp alnyp barylmalydyr. Bu bolsa ýyndamlygy we gaýtalanmajak gözelligi bilen meşhur bolan behişdi bedewleriň dünýädäki şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam berer.
Bu gün tohumçylyk-seçgiçilik mümkinçiliklerine eýe bolan ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň nesil dowamaty babatda täze ylmy usullar we guramaçylykly çemeleşmeler, öňdebaryjy dünýä tejribesi ornaşdyrylýar, şoňa görä-de, olaryň ajaýyp genofondy aýawly goralyp saklanylar hem-de milli, ruhy we taryhy gymmatlyk hökmünde geljekki nesillere geçiriler.
...Döwrebap athananyň düýbüni tutmak dabarasy uly baýramçylyga öwrüldi. Dabara welaýat we etrap häkimlikleriniň, obasenagat toplumynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýurdumyzyň atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, ahalteke bedewlerine sarpa goýýan köp sanly adamlar, ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň çäginde ýörite gurnalan meýdançada ahalteke bedewleriniň görkezilişi geçirildi. Atlar öz daş keşbiniň gözelligini we başarnygyny görkezip, deňsiz-taýsyz owadan kamaty bilen hemmeleri maýyl etdi. Her adamda gözellik barada öz düşünjesi bolsa-da, ahalteke bedewleri babatda aýdylanda, olaryň özüne çekijiliginiň hem-de gözelliginiň gizlin güýjüniň täsirinden haýran galman durup biljek adamy tapmak kyndyr. Ahalteke atlarynyň arassa ganly tohumlary seýisleriň tagallalary bilen döredilen hakyky genji-hazynadyr, ajaýyplykdyr.
Abdulazyz AZYZOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.