Makalalar

Kakasy «Aýdym ýerine düşüpdir, hezil edip, dynç aldym, oglum» diýmesi Goçmyrat Atajykowy täze aýdymlaryň gözlegine iterýär

https://ussatnews.com/storage/posts/2132/original-161785afaf094c.jpeg

Aýdym-saz sungatyna çagalykdan imrinen aýdymçylaryň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylar toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Goçmyrat Atajykowdyr. Onuň ýerine ýetirýän «Arkadag», «Dözmenem», «Gözelim», «Tylla seniň yşkyňda» ýaly aýdymlary halkymyz tarapyndan uly höwes bilen diňlenilýär. Biz hem ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylary üçin ýaş aýdymçy ýigit bilen söhbetdeş bolduk.

— Goçmyrat, mähriban Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak uly bagt. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy siziň hem ykbalyňyza bagt kuýaşyny çaýdy...

— Hawa, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen bellän günlerimizde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi. Şol gün ykbalymda unudylmajak bagtly pursat boldy, şol bir wagtyň özünde-de uly jogapkärçilik duýdum.

— Siziň aýdym aýtmagyňyza, sungata gönükmegiňize näme sebäp boldy?

— Aýdym-saza bolan höwes çagalykdan döredi. Men Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Köpetdag» daýhan birleşiginde doglup, Aşgabat şäherindäki 53-nji orta mekdebi tamamlap, aýdym-sazyň dünýäsine ymykly imrindim. Kakam Orazgeldi aga aýdyma hiňlenmegi, aýdym aýtmagy gowy görýär. Maşgalada ýeke çaga bolamsoň, kakamyň ýanynda köpräk bolup, onuň aýdym aýdyşyna syn etdigimçe, oňa meňzäsim gelerdi. Aýdym-saz sungatynda ilkinji halypam kakam Orazgeldi Atajykowdyr. Soňra baýry halypa Hoja Annagurbanow aýdym-sazyň inçe tärlerini öwretdi.

— Sungat älemine geleniňde, ilkinji üns berilmeli zat näme diýip hasaplaýarsyňyz?

— Aýdym-saz sungatynda tebigy sesiň, zehiniň, höwesiň bolmaly. Belent äheňli, sazlaşykly owazly aýdymyň döremegi üçin esasy aýdymyň sözleri akgynly bolmaly. Şu zatlara üns berseň, halkyň göwnüne ýarajak aýdymlary döredip bolýar.

— Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz haýsy?

— «Aýna gyz» aýdymyny mekdepde okaýan wagtym aýdym-saz mugallymym Oraz Höwejikowyň halypalyk etmeginde ýerine ýetiripdim.

— Haýsy aýdymyňyz has şowly çykdy diýip hasaplaýarsyňyz?

— «Sen meniňki» atly aýdymym maňa has meşhurlyk getirdi.

— Üstünlige ýetmekde esasy ýörelgäňiz?

— Edýän işiňi yhlas bilen gowy ýerine ýetireniňde, üstünlik hemişe-de ýaranyň bolýar.

— Goçmyrat, aýdymçylaryň köpüsiniň ilkinji diňleýjisi maşgalasy bolýar. Bu sizde-de şeýlemi?

— Hawa, maşgalam ilkinji diňleýjimem, maslahatçymam. Kakamyň täze döreden aýdymymy diňläp: «Aýdym ýerine düşüpdir, hezil edip, dynç aldym, oglum» diýmesi meni şirinden-şirin, gözel aýdymlaryň gözlegine iterýär. Gelnim Nartäç bilen 3 perzendimize guwanyp, bagtyýar döwrümize buýsanyp ýaşaýarys. Ejemiň agtyklary Tylla, Nurana bilen körpäm Alynyň çagalar bagynda öwrenip gelen goşgusyny diňläp oturan pursadyna gabat gelsem, hakydamda çagalygyma dolanýaryn.

— Watanymyzyň ösüşleri her bir ynsana ylham berýär. Geljekde öňde goýan maksatlaryňy hem okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaňyz!

— «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylar toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti bolup, halypalar bilen bir sungat ojagynda zähmet çekmek, döwlet derejesindäki konsertlerde bir sahnada çykyş etmek — biz ýaşlar üçin uly bagt. Geljekde-de Arkadagly Diýarymyzy aýdym-sazlarda wasp ederis. Biz sungat işgärlerine Şa serpaýyny ýapyp, ýokary döwlet sylaglary bilen derejeleýän milli Liderimiziň belent başy aman, alyp barýan işleri rowaç bolsun!

— Goçmyrat, täsirli söhbetdeşligiňiz üçin köp sag boluň!

Ýazgül ANNAÝEWA,

ussatnews.com

Ussat news

Başga makalalar
16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.


1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.

16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.