Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat pudagynyň ösüşi
Häzirki döwürde senagat toplumy boýunça ösen tehnologiýalaryň iň soňky innowasiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň senagatlaşdyrma syýasatynyň baş mazmuny ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän senagat kärhanalaryny döretmekden ybarat bolup durýar.
Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde, ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektron senagatyny döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda elektron senagatynyň ösdürilmegi dowam etdirilýär, hususan hem, innowasion esasda elektron pudagyny döretmek we ösdürmek, bäsdeşlige ukyply, ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, serişde we energiýa tygşytlaýan, ekologiýa taýdan arassa elektron we elektrotehniki senagaty ýola goýmak hem-de içerki we daşarky bazarlara gönükdirilen elektron we elektrotehniki harytlary öndürmek, ykdysadyýetiň gaýtadan işleýän we bazar üçin ahyrky önümleri öndürýän önümçilik pudaklaryny hem-de üpjünçilik ulgamlaryny kemala getirmek, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen senagat pudagy boýunça işjeň işler alnyp barylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat pudagyny ösdürmekde beýik sepgitlere ýetildi. Birnäçe desgalar, zawodlar we fabrikler gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Olaryň hatarynda elektrik stansiýalary, «Türkmen aýna önümleri kärhanasy», «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, iri gazbeton zawody, ýerli tebigy daşlardan bezeg serişdelerini çykarýan «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýleki toplumlary görkezmek bolar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak hem-de onuň halkara energetika ulgamyndaky ornuny has-da berkitmek, şeýle hem ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu pudagyň diwersifikasiýa ýoly bilen ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen uly möçberli maýa goýum taslamalary öňe sürülýär. Durmuşa geçirilýän strategik taslamalarda energiýa serişdelerimiziň netijeli peýdalanylmagy arkaly halkymyzyň abadan ýaşaýyş-durmuşynyň üpjün edilmegi, şeýle hem tutuş adamzadyň bähbitleri üçin ulanylmagy esasy ugurlar hökmünde kesgitlenilýär. Diýarymyzda tebigy gazyň, nebitiň, elektrik energiýasynyň önümçiligini yzygiderli artdyrmak bilen bir hatarda, döwletimiziň milli we halkara energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde hem maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi ýurduň energetiki howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň nebitgaz gorlary hojalyk pudaklaryny durnukly ösdürmek üçin zerur bolan düýpli maýa goýumlaryny toplamakda aýratyn orny eýeläp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly daýanjyna öwrüldi. Uglewodorod serişdeleriniň dünýä ähmiýetli gorlaryna eýe bolan Türkmenistan ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini öz halkynyň we bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmaga jogapkärli çemeleşip, bu ugurda anyk, yzygiderli ädimleri ädýär.
Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.